Toý hyzmatlaryny guraýan Ak kepderi kärhanasy uly aksiýa yglan edýär

Toý hyzmatlaryny guraýan Ak kepderi kärhanasy uly aksiýa yglan edýär

Toýlara we beýleki maşgala dabaralaryna, şeýle-de milli däp-dessur çärelerine degişli köp sanly hyzmatlary hödürleýän Ak kepderi hususy kärhanasy sowgatly aksiýanyň başlanandygyny habar berýär.

Ak kepderiniň çadyrlary gurnamak we bezemek, baýramçylyk stoluny gurnamak hem-de myhmanlara hyzmat etmek ýaly hyzmatlaryny sargyt eden müşderilere dürli sowgatlyk bonuslary ýetirilýär. Bonuslaryň görnüşleri edilýän sargydyň töleg möçberine baglydyr.

Sowgatlyk bonuslaryň hataryna şular girýär:

- Awaza milli syýahatçylyk zolagynda 10 günlük dynç alyş;

- Ak kepderi studiýasynyň wideoşekil hyzmaty;

- toý fotosessiýasy;

- dabarada milli estrada ýyldyzlarynyň çykyşlary;

- dabaralary alyp barýan meşhur alypbaryjylary çagyrmak;

- öýlenýän ýigidiň ýa-da gelniň doglan gününde baýramçylyk stoluny gurnamak;

- ýaş çatynjalar üçin ýörite söýgi aýdymyny ýazmak;

- Love story wideoşekillerini düşürmek;

- toý dabarasynyň bezegleri (öýleri, çadyrlary, restorany, ulaglary we ş.m bezemek).

Müşderilere sargydyň çäginde diňe bir ýokarda agzalan sowgatlar däl-de, başga-da köp sanly sýurprizler we ajaýyp guramaçylyk teklipleri ýetirilýär.

Aksiýa 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli geçirilýär.

Ak kepderi hususy kärhanasynyň 2020-nji ýyldan bäri türkmen paýtagtynyň, şeýle hem ýurduň beýleki sebitleriniň ýaşaýjylary üçin toý hyzmatlaryny hödürläp gelýändigini ýatladýarys.

Ak kepderiniň hyzmatlaryny şu salgydan sargyt edip bilersiňiz: Aşgabat ş., 10 ýyl abadançylyk köçesi, 147-nji jaý. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 22 72 72, (+993 65) 07 57 07. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Ýene degişli makalalar

Hoş Syýahat türk awiakompaniýasynyň peteklerini satyn alanlara sowgat berýär
Aşgabatdaky Hisense dükanlarynda Täze ýyl mynasybetli utuşly oýun geçiriler
Terrorizme Garşy Göreş Egilşiksiz Dowam Edýär
Türkmenistan we Russiýa hyzmatdaşlyk hakynda 15 sany resminama gol çekdiler, Türkmenistan benziniň bahasy iň arzan döwletleriň içinde 10-luga girdi, Halk market ähli dükanlar zynjyrynda gök önümleriň we miweleriň bahasyny 15% çenli arzanlatdy
Türkmenistanda Uly Moskwa sirkiniň çykyşlary guralýar, Awazada Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi we beýleki habarlar
Azerbaýjanda Protest Aksiýalary Dowam Edýär