“Toyota Land Cruiser” iň ygtybarly awtoulaglaryň sanawynda birinjiligi eýeledi

“Toyota Land Cruiser” iň ygtybarly awtoulaglaryň sanawynda birinjiligi eýeledi

Awtoulag mahabatlarynyň iSeeCars amerikan agregatory iň ygtybarly awtoulaglaryň reýtingini düzdi. Sanawa agyr zeper ýetmän 200,000 mil (322 müň km) geçip bilýän awtoulaglar girdi. Barlagyň çäklerinde 2020-nji ýylda satylan 11,8 milliondan gowrak awtoulag seljerildi.

Reýtingdäki orunlaryň aglabasyny “Toyota”-nyň modelleri eýeledi. Birinji ýeri “Land Cruiser” aldy - oňa 200 müň kilometr geçen ýolsuz ýerlerden ýöräp bilýän ulaglaryň 16,3 göterimi girýär.

Ikinji orny yzyndaky modelden iki esse öňe saýlanan “Toyota Sequoia SUV” (11.2%) eýeledi.

Üçünji ýeri “Chevrolet Suburban” eýeledi (5.1%).Bazar barlagçylary, reýtingde “General Motors”-yň Suburban bilen bir platformada gurlan we köp tarapdan özara baglanyşýan beýleki awtoulaglary hem öz içine alýandygyny bellediler.

Bulardan soň reýting şeýle dowam edýär: 4-nji ýer: “Ford Expedition” - 4,9% 5-nji ýer: "Toyota 4Runner" - 4.1% 6-njy ýer: "Toyota Avalon" - 3,9% (ilkinji 16-lykdaky ýeke-täk sedan) 7-nji ýer: “Chevrolet Tahoe” - 3,9% 8-nji ýer: “Toyota Highlander Hybrid” - 3,8% (ilkinji 16-lykdaky ýeke-täk krossower) 9-njy ýer: "Toyota Tundra" - 3,7% 10-njy ýer: "GMC Yukon XL" - 3,6% 11-nji ýer: “Honda Ridgeline” - 3,4% 12-nji ýer: "GMC Yukon" - 3,3% 13-nji ýer: “Honda Odyssey” - 2,9% (ilkinji 16-lykdaky ýeke-täk wen) 14-nji ýer: "Toyota Tacoma" - 2,8% 15-nji ýer: “Lincoln Navigator” - 2,6% 16-njy ýer: "Toyota Prius" - 2,6%

Ýene degişli makalalar

Gazly suwlaryň 'utuşly lotereýasy' çagalarda höwes, maşgalalarda alada döretdi
Onlaýn humar oýunlarynyň meşhurlygy artýar, ýaşlar, uly adamlar müňläp pullaryny ýitirýär
Balkanda ulaglar gymmatlaýar, söwdagärler häkimiýetleriň gysyşynyň güýçlenendigini aýdýarlar
Türkmenistan günbatar döwletleriniň ulaglaryny çäklendirip, hytaý awtoulaglaryny öňe sürýär
TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ SEKIZISI THE IMPACT RANKINGS-2023 SANAWYNDAN ÝER ALDY
Türkmenistandan ýokary okuw mekdepleriň sekizisi THE Impact Rankings-2023 bütindünýä ýyllyk täsir reýtingine girdi
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31...