Toýotada “Toyota”-lylaryň ýeňşi

Dünýä Ralli çempionatynda möwsümiň 13-nji ýaryşy Ýaponiýanyň Toýota şäherinde geçirildi. 20 tapgyrdan ybarat 305,34 kilometrlik ýaryşda “Toyota Gazoo” toparynyň sürüjileri ýeňiş münberiň 3 ornuny hem eýelemegi başardy. Ýaryşy 3 sagat 21 minut 8,9 sekunt tamamlan fransiýaly Sebastian Ožie (“Toyota Gazoo”) ýeňiji boldy.

Bu onuň şu möwsümdäki 6-njy, karýerasy boýunça-da 67-nji ýeňşidir. Ýeňijiden 11,6 sekunt yza galan “Toyota Gazoo” toparynyň britan piloty Elfin Ewans 2-nji, toparyň fin sürüjisi Sami Paýari bolsa 3-nji orny eýeledi. Çempionlyk üçin göreş alyp barýan finlýandiýaly Kalle Rowanpera 6-njy ýer bilen oňňut etmeli boldy.

Çempion Jidda şäherinde belli bolar

Şunlukda, Dünýä Ralli çempionatynyň 53-nji möwsüminiň tamamlanmagyna 1 ýaryş galanda, Elfin Ewans 272 utuk bilen sanawyň başyny çekip gelýär.Ondan 3 utugy az Sebastien Ožie 2-nji ýerde barýar. Çempion bolmak mümkinçiligi azalyp, garşydaşlarynyň görkezjek netijesine bagly bolan Rowanpera 248 utuk bilen 3-nji ýerde barýar. Çempiony kesgitlejek möwsümiň iň soňky, 14-nji ýaryşy 2629-njy noýabrda Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Toyotada “Hyundai” çempionlyk gazandy
“Hyundai” toparynyň sürüjileriniň biri Toýotada çempion bolar
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürler jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşygyndaky çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürler jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşygyndaky çykyşy