Tramp 2024-nji ýyldaky Prezident saýlawlaryna gatnaşar

Tramp 2024-nji ýyldaky Prezident saýlawlaryna gatnaşar

ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Tramp 2024-nji ýylda ýurtda geçjek Prezident saýlawlaryna gatnaşmak kararyna gelendigini mälim etdi, ol tarapdarlarynyň özüniň bu gelen netijesine şatlanjakdyklaryny sözüniň üstüne goşdy.

Amerikanyň Nýu-Ýork şäherinde mundan 20 ýyl, 11-nji sentýabrda geçen ýykgynçylyklar bilen bagly polisiýa we ýangyn söndüriş gulluklarynyň işgärleri bilen duşuşyk wagty saýlawlara gatnaşmak bilen bagly berlen sowala Tramp: “Bu çylşyrymly sowal, emma ol meniň üçin ýönekeý.

Men özümiň näme etjekdigimi bilýärin, emma häzirlikçe saýlaw tutumyna gatnaşmak bilen bagly maliýeleşdirmek kanunlaryna görä, bu barada jogap bermekden saklanýaryn. Ýöne men siz bagly bolarsyňyz diýip pikir edýärin” diýip, jogap berdi.

ABŞ-nyň öňki Prezidentlerinden diňe Donald Tramp we 96 ýaşly Jimmi Karter Nýu-Ýorkda, Pensilwaniýa ştatynda we Waşingtonda geçen ýykgynçylyklaryň 20 ýyllygy bilen bagly resmi çärelere gatnaşmadylar.

Barak Obama we Billi Klinton häzirki Prezident Jo Baýden bilen birlikde Nýu-Ýorkda geçen dabara gatnaşdylar, Jorj Buş häzirki wise-prezident zenan Kamala Harris bilen bilelikde Pensilwaniýada geçen dabarada çykyş etdi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Wise-prezidenti Ilkinji Afrika Saparyny Gana, Tanzaniýa we Zambiýa Guraýar
FESCO (RF) we Özbegistan Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ederler
Gazagystan Türkiýede Öndürlen Uçarmansyz Howa Ulaglaryny Satyn Almak Isleýär
Puşpa Kamal Dahal Nepalyň Hökümet başlyklygyna saýlandy
Üçünji gezek Nepalyň Premýer-ministri boldy
Güler Sabanjy Dünýäniň Iň Güýçli 100 Zenanyndan Biri