Tramp: Palestinalylaryň Gaza dolanmaga hukugy ýok

Tramp: Palestinalylaryň Gaza dolanmaga hukugy ýok

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Gaza üçin jedelli meýilnamasyny yglan etdi we palestinalylaryň öýlerine dolanma hukugyny ret edip, “gelejek üçin gozgalmasyz emläk” giňişligini döretmegi teklip etdi.

“Fox Nýus” ýaýlymyna beýanat beren Tramp, Gazanyň halkynyň başga ýerlerde guruljak täze ýaşaýyş jaýlaryna ýerleşdirilmegini teklip etdi.

Müsürüň weIİordaniýanyň liderleri global garşylyklar güýçlenýärkä gepleşikler geçirmek üçin Waşingtona gitdiler.

Amerikanyň lideri Ysraýylyň gabawy astyndaky sebitden palestinalylary kabul etmeseler, ABŞ-nyň şol ýurtlara berýän kömegini bes etjekdigini duýdurdy.

Palestinanyň söweşjeň topary Hamas resmi Tel-Awiwiň ylalaşygyň düzgünini bozandygy sebäpli ysraýylly ýesirleriň boşadylmagyny yza süýşürdi.

Donald Tramp bolsa ähli ýesirler boşladylmasa Gaza ylalaşygynyň bes ediljekdigini beýan etdi.

Tramp: “Eger ähli ýesirler şenbe güni sagat 12-ä çenli yzyna berilmese, ähli zat gutarar we kyýamat geler” diýdi.

Ýene degişli makalalar

"Gazada ylalaşyk gepleşiklerinde “çeýelik” zerur"
Gaza we Günbatar Şeria ylalaşykdan soň Ysraýylyň pajygaly howa hüjümine sezewar boldy
Ýemendäki Husiler Ysraýyla Hüjüm Gurady
Jonson: Gyşky Tupan Trampyň Saýlaw Tassyklaýyş Etabyny Gijikdirmez
Hamas Ysraýyl bilen gepleşikleri palestinaly tussaglar boşadylýança bes etdi
103 ýaşynda paraşýutdan bökdi