Tramp: Türkiye Siriýanyň gelejeginde möhüm pozisiýa eýeleýär

Tramp: Türkiye Siriýanyň gelejeginde möhüm pozisiýa eýeleýär

ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Donald Tramp Asadyň agdarylmagyndan soň Siriýa meselesinde näbelliligiň bardygyny beýan edip, Türkiyäniň ýurduň gelejeginde “möhüm pozisiýa eýelejekdigini” nygtady.

“Mar-a Lago” kabulhanasynda beýanat beren Tramp, Amerikan goşunlarynyň Siriýanyň demirgazyk-gündogaryndan çekilmegi hakynda gönüden garaýyş beýan etmekden çetde durup, Türkiyäniň Prezdenti R.T.Erdogan hakynda öwgüli sözler aýtdy.

Tramp şeýle hem çagalara bolan çemeleşmesi sebäpli Siriýanyň häkimiýetden çetleşdirilen Prezidenti Başar Asady “gassap” diýip häsýetlendirdi we Türkiýe sebitde “möhüm güýç” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Erdogan we Şarif Yslamabatda Türkiýe-Pakistan gatnaşyklaryny ösdürmäge söz berdiler
Şols Türkiýä Sapar Eder
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny