Tramp Ýeke özi öýde - 2 filminde surata düşmäge razylyk berşini ýatlady

Tramp Ýeke özi öýde - 2 filminde surata düşmäge razylyk berşini ýatlady

ABŞ-nyň Prezidentligine dalaşgär Donald Tramp 30 ýyl mundan öň Ýeke özi öýde - 2 filminde özüne kiçijik sahnada surata düşmek üçin ýalbarandyklaryny gürrüň berdi. Filmde Kewin Makkalister (Makoleý Kalkin) ondan salgy soraýar, Tramp salgy berýär, ol filmde bary-ýogy birnäçe sekunt görünýär. Bu barada MIR 24 ýazýar.

Birnäçe gün mundan öň filmiň režissýory Kris Kolambus metbugat söhbetdeşliginde Trampyň eger özüni-de kiçijik sahnada görkezseler, filmiň belli bir parçalaryny myhmanhanasynda surata düşürmäge razylyk berjekdigini aýdandygyny gürrüň berdi. Emma Tramp tersine, olaryň özüni kino düşmäge yrmak üçin ýalbarandyklaryny ýatlady.

Tramp filmiň henizem uly üstünlige eýedigini, her gezek Roždestwo baýramynyň öňýany Ýeke özi öýde - 2 filmi görkezilende, tanyşlarynyň jaň edýändigini gürrüň berdi.

Ýene degişli makalalar

Kysmatyň oýny iň gowy daşary ýurt Roždestwo filmleriniň sanawyna girdi
Tramp Amerikanyň 14 ştatynda başlangyç saýlawlarda ýeňiş gazandy
Türkmenistanda azyk önümleriniň we beýleki harytlaryň bahalaryna syn
Türkmenistanda azyk önümleriniň bahalaryna syn
Transfer täzelikleri