Transparency International Türkmenistany dünýäniň iň korrupsiýa batan ýurtlarynyň arasynda goýdy

Halkara “Transparency International” guramasy ýyllyk hasabatyny 2017-nji ýylyň “Korrupsiýa görekezijisi indeksini” (KGI) çap etdi.

Görkezijide, ekspertleriň we telekeçileriň nukdaý nazaryndan, 180 ýurduň döwlet sektoryndaky korrupsiýanyň derejesine baha berilýär. Baha bermek üçin 0-dan 100-e çenli ball ulanylýar, 0 korrupsiýanyň iň ýokary derejesini, 100 korrupsiýanyň iň pes derejesini aňladýar.

Türkmenistan korrupsiýa görkezijisi boýunça iň ýokardaky ýurtlaryň hatarynda agzalyp, 19 ball almak bilen, 180 ýurduň arasynda 167-nji orny aldy.

Sanawda Türkmenistan bilen goňşy bolan ýurtlaryň arasynda Afrikanyň Çad we Eriterea respublikalary, şeýle-de Yrak we Wenezuela bar.

Merkezi Aziýada iň ýokarky pozisiýany 122-nji orny alan Gazagystan eýeledi. Soňra Gyrgyzystan (135), Özbegistan (157), Täjigistan (161) gelýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň iň korrumpirlenen ýurdy- TI
Britan DIM-i Türkmenistanda adam hukuklary ýagdaýynyň gowulaşmandygyny aýdýar
Freedom House: Dünýäde demokratiýa “barha pese gaçýar”; Türkmenistan "erbetleriň erbedi"
OPEC ýurtlary we hyzmatdaşlary nebit önümçiligini tapgyrlaýyn artdyrmagy ylalaşdylar
Ekspert: Türkmenistanda ýyllyk inflýasiýa tasdan 300%-e ýetdi
Türkmenistanyň prezidenti Comedy Centralda “Eziji” baýragynyň eýesi boldy (wideo)