“Troýa” filminiň režissýory aradan çykdy

Germaniýaly meşhur režissýor, sseneraçi, Oskaryň dalaşgäri Wolfgang Peterson 81 ýaşynyň içinde aradan çykdy. 1941-nji ýylyň 14-nji martynda Germaniýanyň Hannower şäherinde dünýä inen Peterson 1981-nji ýyldaky Suw asty gämisi (Das Boot, 1981) filmi bilen tutuş uly şöhrat gazanýar. Ol bu film bilen iň gowy režissýor hem-de ssenariý ugurlary boýunça Oskara dalaşgär görkezilýär.

Los Anjelesde düwnük keselinden aradan çykan ussat režissýoryň “Hiç haçan gutarmaýan hekaýa” (The NeverEnding Story, 1984), Klint Istwud bilen Jon Malkowiçiň baş keşplerde surata düşen “Alawly ýoda” (In the Line of Fire, 1993), Dastin Hoffman, Morgan Friman, Rene Russo dagynyň keşp janlandyran “Epidemiýa” (Outbreak, 1995) filmleri bilermenlerdenem, tomaşaçylardanam ýokary baha aldy. 2004-nji ýyldaky “Troýa” (Troy) filmi bilenem tutuş dünýäde uly meşhurlyk gazanan režissýoryň “Prezidentiň uçary” (Air Force One, 1997), “Hakyky apy-tupan” (Perfect Storm, 2000), “Poseýdon” (Poseidon, 2006) ýaly kinolary-da tomaşaçylaryň uly söýgüsini gazandy.

Ýene degişli makalalar

Formula 1-iň 70-nji möwsümi
Çempion ýeňşi ýatlady
Iň şowly başlangyç
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Tatarstanyň Prezidenti Türkmenistana iş sapary bilen geldi, Türkmenhowaýollary 2023-nji ýylyň mart aýy üçin petek satuwyny ýola goýdy, Magtymgulynyň goşgulary ilkinji gezek italýan dilinde çap ediler we beýleki habarlar
Türkmenistanly zenan Florensiýada geçirilýän halkara senetçilik ýarmarkasyna gatnaşýar