“TRT 12 Punkt” Bayrak Gowşurlyş Dabarasy Bilen Yapyldy

Kino-film pudagyny yaybaňlandyrmak maksady bilen TRT tarapyndan şu yyl 5-njisi guralan “TRT 12 Punkt”, bayrak gowşurlyş dabarasy bilen yapyldy.

Dabarada çykyş eden TRT-niň Baş müdiri Mehmet Zahid Sobajy; “Türkiyäniň döwlet yaylym organy hökmünde kino sungatynyň ähmiyetini yene-de bir gezek nygtanymyzda; Türkiyede pudagy goldamagyň, kino zallarynda bilelikdäki produksiyalarymyzy goyup, rekordlara eye bolmagyň bagtyyarlygyny başdan geçiryäris” diydi.

Üstümizdäki yylyň 16-23-nji iyuly aralygynda 22 yurduň gatnaşmagynda üç platformada ssenari yazmak we bilelikdäki produksion platformasy bolan “TRT 12 Punkt”, bayrak gowşurlyş dabarasy bilen yapyldy.

TRT 2-den göni yaylym arkaly alynyp görkezilen bayrak gowşurlyş dabarasyna TRT-niň Baş müdiri Mehmed Zahid Sobajy bilen türk we dünyä kinosunyň tanymal wekilleri gatnaşdylar.

“Yaşlar, 12 Punktda türk we dünyä kinosunyň öňbaşçylary bilen duşuşmaga pursat tapyarlar”

12 Punktyň kino sungatynyň ähli ugurlaryny öz içine alyan, ähli taraplary jebisleşdiryän, bilelikdäki produksiyanyň özbolyşlygyndan gözbaş alyan we iň esasysy hem özüne mahsuslygy bilen öňe saylanyan platformadygyny nygtan TRT-niň Baş müdiri Sobajy; “12 Punktda milli we halkara derejede medeni täzeçilliklere orun beryäris.Yaşlar we täze pikirler üçin türk we dünyä kinosunyň tanymal wekilleriniň yolbeletligini elyeterli yagdaya getiryäris.

Pudaga täze ussatlary, eserleri gazandyrmagyň, yagny kinonuň geljegini baylaşdyrmagyň yany bilen birmeňzeşlikleri däl, köpgörnüşliligi yaybaňlandyrmaga goşant goşyarys” diydi.

Şu yyl “12 Punkta” täzelikleriň goşulandygyny beyan eden Sobajy; “Bu täzelikler arkaly surata alynyp gutarylan we montaž tapgyryna başlanan TRT-niň bilelikdäki produksiyalaryndan dört kino-film Kan, Wenesiya, Sudan, Lokarno we Roterdam festiwallarynyň bäsleşik bölüminiň emin agzalarynyň garamagyna hödürlendi.

Filmlerimiziň 20 minutlyk montažlaryna tomaşa edildi.Men geljekki yyllarda bu filmleri uly festiwallarda görmegi tama edyarin. Şu yyl “12 Punkt” 100-den gowrak uzyn metražly, 400-e golay gysga metražly film yüz tutdy. Ähli gatnaşyjylara çeken zähmetleri üçin sagbolsun aydyp, mino sungatynyň wekillerine üstünlik arzuw edyärin” diydi.

“TRT-niň bilelikdäki produksiyalary soňky üç yylda gatnaşan fetiwallaryndan 236 bayrak aldy”

Türkiyäniň döwlet yaylym organynyň kino sungatyna ayratyn üns beryandiklerini nygtan Sobajy; “Türkiyede pudaga güyçli goldaw bermegiň, kino zallarda bilelikdäki produksiyalary goyup, rekord derejeleri eyelemegiň bagtyyarlygyny başdan geçiryäris.Yerli we halkara festiwallarda-da üstünliklerimiz günsayyn artyar.

TRT-niň bilelikdäki produksiyalary soňky üç yylda gatnaşan festiwallarynda 436 dalaşgärelige we 236 bayraga eye boldy. Şol bilelikdäki kino-filmleriň festiwallardaky we kino zallardaky görkezlişinden soň Türkiyäniň halkara sanly öyjükli platformasy “tabiide” yaylyma berilip, uly halk köpçüligine yetirilendigini beyan edesim gelyär. Şeylelikde “tabii”, 2 ayyň dowamynda 2 milliondan ybarat maşgala öwrüldi.

Biz tagallamyzy kino sungatynyň ähli ugurlarynda we tapgyrynda artdyrarys” diydi.

Şu yyl Balkan yurtlaryndan abrayly myhmanlary kabul edendiklerini aydan Sobajy; “Serbiyanyň, Horwatiyanyň, Garadagyň we Sloweniyanyň film merkezleriniň yolbaşçylary hem finala çykan taslamalarymyz bilen tanyşmak hem-de öz yurtlaryndaky şertler hakynda maglumat bermek üçin geldiler. Olara sagbolsun aydyaryn. Gelejek yyllarda Türk-Balkan bilelikdäki taslamalary iş yüzüne geçirjekdigimize ynanyaryn” diydi.

“Uly bayraklar eyelerine gowşuryldy”

Final dabarasynda dünyä kinosunyň tanymal wekillerinden ybarat bolan emin agzalarynyň; TRT-niň “Goňşuçylyk yagdayy” filminiň režisyory Denis Tanowiç, Oskar bayragynyň laureaty polyak prodyusser Ewa Puszyanka, Sarayewa Film festiwalynyň esaslandyryjysy Mirsad Puriwatra, Dohanyň Film institutynyň yolbaşçysy Fatma Al-Remaihi we Berlin Film festiwalynyň Yewropa film marketiniň direktory Denis Ruhuň seljermeleri netijesinde iki taslama “Halkara bilelikdäki produksiya bayragy”, üç taslama “TRT-niň bilelikdäki produksiya bayragy”, üç taslama “TRT-niň Alynky kabul ediş bayragy”, we alty taslama berilen “Taslama kämilleşdiriş bayraklary” yglan edildi.

“TRT-niň bilelikdäki produksiya bayraklary”, “TRT-niň Alynky kabul ediş bayraklary” we “TRT-niň Halkara bilelikdäki produksiya bayraklary” TRT-niň Baş müdiri Mehmet Zahid Sobajy, TRT-niň Baş müdiriniň orunbasary Muhammed Ziyad Warol bilen emin agzalary Ewa Puszyanka, Denis Tanowiç, Denis Ruh, Danis Tanojiç, Fatma Al-Remaihi we Mirsad Puriwatra tarapyndan taslamalaryň eyelerine gowşuryldy.

Şeyle hem bu yyl TRT bilen Sarayewo Fillm festiwalynyň hyzmatdaşlygynda finala çykan taslamalardan ikisine Sarayewo film festiwalynyň “Sinelink” bayragy gowşuryldy.

Sarayewo Film festiwalynyň “Sinelink” direktory Amra Baksij Jamo tarapyndan seçilip alynan taslamalar “Sarayewo film festiwalynyň “Jinelink Prodyusser Law” we “Sarayewo film festiwalynyň Sinelink bilelikdäki produksion marketiniň bayragyna” layyk görüldi.

Ýene degişli makalalar

TRT Ispan Digital Habar Platformasy Düşümli Bolsun
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Mehmet Şimşek: "Türkiyäniň ykdysadyýeti ynam döredýär" diýdi
TRT 23-nji aprel Çagalar festiwaly giňden belenilip geçilýär
Türkmenistan Stambulda TRT World Forum-2023 forumyna gatnaşýar
Prezident Erdogan “TRT World Forum 2023” Gatnaşdy
Prezident Erdogan, Kosowanyň Prezidenti Bilen Duşuşdy