TRT Emmi baýragyna laýyk görüldi

TRT Emmi baýragyna laýyk görüldi

TRT World tarapyndan taýarlanan baýrakly dokumental seriýa "Off the Grid"-iň Ukrainada düşüren "Ukraine Wartime Diaries" (Ukrainanyň uruş gündelikleri) atly bölümi, Halkara telewideniýe sungady we ylymlar akademiýasy tarapyndan berilýän Halkara Emmi sylaglarynyň "Habar we soňky wakalar" kategoriýasy boýunça müňlerçe eseriň arasynda baýrakly oruna laýyk görüldi.

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen dabarada berilen sylagy, dokumental filmiň prodýuserleri Mussin Ennaimi we Aleksandr Polia aldy.

Sylaglama dabarasyna gatnaşan TRT-nyň baş müdüriniň orunbasary Ömer Faruk Tanrywerdi: "Elbetde buýsanýarys, şatdyrys. Alan bu sylagymyz TRT World kanalynyň halkara žurnalistika we ýaýlym ugrunda ýeten sepgidiniň subutnamasydyr. Off The Grid topary başda bolmak bilen zähmet çeken ähli egindeşlerimizi gutlaýaryn" diýip belledi.

TRT World kanalynyň koordinatory Bora Baýraktar bolsa: "Bu sylag ähli zatdan ozal TRT Worldyň TRT edarasynyň nähili derejede üstünliklidigini halkara ülňülerine laýyklykda ýaýlym berýändigini, halkara ülňülerde habarçylyk edýändigini görkezdi. Başgaça aýdylanda, bu Amerikadaky telewideniýe ugrunda iň uly baýrak. Türk dokumental filmi bu baýragy ilkinji gezek aldy. Biz muňa örän buýsanýarys" diýip nygtady.

Mussin Ennaimi we Aleksandr Polia tarapyndan taýarlanan we Hakan Hajyogly tarapyndan düşürilen, Ukraina bilen bagly dokumental film, 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlan uruşyň weýrançylykly ýüzüni haýran galdyryjy görnüşde suratlandyrdy, Russiýanyň goşunynyň çekilen ýerlerinde ýaşan asuda ilatyň durmuşlarynyň üýtgeýişleri barada gürrüň berýär.

Ýene degişli makalalar

Selçuk Baýraktar Belgiýanyň Şasy MatildaTürkiýäniň dronlary babatdaky güýji hakynda maglumat berdi
TCG ANADOLU SAHA 2026 GORANYŞ SERGISINDE TANYŞDYRYLDY
Günüň möhüm habarlary|06.05.2026
Gazalylar Bütindünýä Sumud flotilýasyna goldaw beren türk halkyna minnetdarlyk bildirdiler.
YSRAÝYL LIWANYŇ GÜNORTASYNY FOSFORLY OK-DÄRILER BILEN BOMBALADY
Ben-Gwir palestinalylara üçin diýip aýdan halkaly ýüp bilen baglanşykly wideo paýlaşdy
SAÝLAWLARDAN SOŇ, GÜNBATAR BENGALDA MUSULMANLARA DEGIŞLI ÖÝLERE WE IŞ ÝERLERINE ZEPER ÝETIRILDI