TRT-niň Halkara Sanly Habar Platmaformasy “Tabii” Tanyşdyryldy

Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT-niň halkara sanly habar platformasy “Tabii”nyň tanyşdyrlyş çäresi Beýkoz Aýakgap fabriginde geçirildi.

Tanyşdyrlyş çäresine Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, TRT-niň Baş müdüri Zahid Sobajy, Anadoly habarlar gullugynyň başlygy Serdar Karagöz we Anadolu habarlar gullugynyň başlygynyň orunbasary Ýusuf Özhan bilen birlikde sungat ussatlary, syýasatçylar, işewürler we türgenler gatnaşdy.

Tanyşdyrlyş çäresinde çykyş eden Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, “TRT-nyň sanly habar platformasy halkara derejesinde esasy aktýor hökmünde bäsleşip biler” diýdi.

TRT-niň sanly habar platformasynyň 5 dilde ýaýlymlaryna başlandygyny ýatladan Altun, platformanyň başga diller bilen ýoluna dowam etjekdigine ynanýandygyny aýtdy.

Fahrettin Altun “Bizi birleşdirýän hekaýalar bilen bütin dünýä ýüzlenýäris. Men bu taslamanyň Respublikamyzyň ýüzünji ýylyna, Türkiýe asyryna gelişjekdigine ynanýaryn” diýdi.

Tanyşdyrlyş çäresinde çykyş eden TRT-niň Baş müdüri Zahid Sobajy hem TRT hökmünde halkara sanly habar platformasynyň üstünde uzak ýyllardan bäri işleýändiklerini nygtady.

Zahid Sobajy, “Sanly habar platformasy taýdan ýudumyzyň halkara derejesinde täze markasy bolmagy üçin şu gün aýgytly ädim ädýäris” diýdi.

Sobasy, “TRT şu günki günde 18 telewideniýe kanaly, 17 radio kanaly, 7 halkara sanly habar platformasy, 41 dilde we dialektde dünýäniň 7 materiginde ýaýlym berýär” diýdi.

Zahid Sobajy, “TRT-niň halkara sanly habar platformasy ilkinji etapda türk, iňlis, ispan, urdu we arap dillerinde ýaýlym berer. 30 täze gepleşlik we 184 bölüm bilen açylyş tapgyryndan soň ýaýlymlaryna dowam eder. TRT-niň iň gowy gepleşikleri hem platformamyzda ýer alar. Halkara sanly habar platformamyz ýurdumyzda 7-nji maýda ýaýlymlaryna başlar” diýdi.

Sobajy, TRT-niň halkara sanly habar platformasy “Tabii” www.tabii.jom” salgysyndan ýaýlyma beriljekdigini we ilkinji etapda tölegsiz ulanylmaga beriljekdigini belledi.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň döwlet teleýaýlymy atyşygyň bes edilmegi boýunça ylalaşylandygyny habar berdi
Makron ABŞ-Eýran ylalaşygynyň Liwany hem öz içine almagy üçin çagyryş etdi
YSRAÝYL TARAPYNDAN 40 GÜN MÖHLET BILEN MUSULMANLARA ÝAPYLAN AKSA METJIDI TÄZEDEN AÇYLDY
YSRAÝYLYŇ GAZANYŇ DEMIRGAZYGYNDA GURAN HÜJÜMINDE AL JAZEERANYŇ HABARÇYSY ÝOGALDY
EÝRAN-YSRAÝYL URŞUNDA ÝARAŞYK DOWAM EDÝÄRKÄ, BEÝRUT YSRAÝYLYŇ GÜÝÇLI HÜJÜMLERINE SEZEWAR BOLDY
ON ÜÇ ÝAŞYNDAKY GYZ ÇAGA WIDEOÝAZGY EDÝÄRKÄ YSRAÝYL BEÝRUTA HOWA HÜJÜMINI GURADY
Günüň möhüm habarlary|09.04.2026