TRT-nyň 60 ýyllygy geçirilen ýörite dabara bilen bellenilip geçildi

TRT-niň Baş müdüri Mehmet Zahid Sobajynyň ýer eýeçilik etmeginde paýtagt Ankara şäherinde geçirilen dabara, Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, TRT-niň ekranyndaky ýüzler we köp sanly myhman gatnaşdy.

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun TRT-niň Türkiyäniň Aragatnaşyk Modeliniň iň möhüm daşaýjysydygyny aýtdy.

TRT-nyň günbatar habar beriş serişdeleriniň üstüni ýapýan ýa-da görmediksireýän ähli meseleler boýunça halkara jemgyýetçiligine öz wagtynda we degişli maglumatlary ýetirýändigini aýdan Fahrettin Altun: "TRT başarnykly halkaralaşma we sanlaşdyrmak tapgyryny amala aşyrdy.

Halkaralaşma we sanlaşdyrmak.Meniň pikirimçe, bu iki ugur, TRT-iň soňky döwründe yz galdyran iki möhüm ugurlardyr. Şu günki gün TRT, TRT World başda bolmak bilen, geçen hepde açylyşyny ýerine ýetiren TRT Ispan Sanly habar platformasy, TRT Arap, TRT Rus, TRT Afrika, TRT Balkan, TRT Fransuz bolan 41 aýry dilde we dialektde ýerine ýetirýän ýaýlymlary bilen global mazmun öndürijisidir.

Global metbugat markasydyr" diýip belledi.

TRT-iň baş müdiri Mehmet Zahid Sobajy hem, Türkiye Asyry gözýetiminiň wekili hökmünde "dünýäni dünýä adalatly görkezijiniň üsti bilen düşündirýändigini" aýtdy.

Türkiyäniň döwlet ýaýlym organy hökmünde ýurduň gözýetimini we ygtyýaryny dürli dillerde we dialektlerde amala aşyrýan ýaýlymlary bilen 7 materige ýetirýändigini aýdan MehmeT Zahid Sobajy: "Bu nukdaýnazardan Türkiye Asyry gözýetiminiň ýaýlymdaky wekili hökmünde indi diňe Türkiyäni dünýä, dünýäni Türkiyä düşündirmeýär, şol bir wagtda dünýäni dünýä adalatly görkezijiden görkezýäris" diýip habar berdi.

TRT-iň baş müdiri Mehmet Zahid Sobajy TRT kanallarynyň üsti bilen öňdebaryjy işleri amala aşyrýandyklaryny belläp, TRT-ni şu günki gün iň möhüm we iň abraýly ýaýlym organlarynyň biri ýagdaýyna ýetirendiklerini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň döwlet teleýaýlymy atyşygyň bes edilmegi boýunça ylalaşylandygyny habar berdi
Makron ABŞ-Eýran ylalaşygynyň Liwany hem öz içine almagy üçin çagyryş etdi
Günüň möhüm habarlary|09.04.2026
GAZADAKY, LIWANDAKY WE SIRIÝADAKY BASYP ALYJYLYGA GARŞY STAMBULDA ULAG KERWENI DÖREDILDI
YSRAÝYLYŇ HOWPSUZLYK GÜÝÇLERI BEIT FURYKTA PALESTINLI BIR ÇAGANY ZAMUN ALDY
CNBC-niň işgärine Trampyň Eýrana garşy haýbatlaryna garşy analizi sebäpli reaksiýa bildirilýär
YSRAÝYLYŇ GURAN HÜJÜMINDE 9 ÝAŞYNDAKY PALESTINLI GYZJAGAZ ÝOGALDY