TSTB-niň agzalary Food Stambul Expo 2023 halkara sergisine gatnaşarlar

TSTB-niň agzalary Food Stambul Expo 2023 halkara sergisine gatnaşarlar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Türkiýede geçiriljek Food Stambul Expo 2023 halkara sergisine gatnaşarlar. Azyk senagatynyň iň uly sergileriniň biri 12 — 14-nji iýulda Stambulyň Istanbul Expo Center meýdançasynda geçiriler.

Sergä Türkmenistandan Arçalyk, Kilwan, Altyn Ýunus, Parasatly, Balşeker, Ak Gar, Mähriban-Merw, Täze Aý, Balam, Sada, Tükel, Mekan, Misgar, Altyn Şöhle ýaly kärhanalar gatnaşar.

Food Istanbul Expo 2023 dünýäniň azyk pudagynda iň abraýly ýyllyk çäreleriň biridir.

Food Istanbul Expo 2023 sergisinde içgi, konditer, azyk önümleri, gaplamak, şeýle hem bölek enjamlar we dükan dizaýnynda gazanylan üstünlikleri görkeziler.

Ýene degişli makalalar

“Mahmal Zip” önümlerini “World Food India 2023” sergisinde görkezdi
Türkmen azyk öndürjileri “F-Istanbul” atly halkara sergä gatnaşarlar
Türkmen kärhanalary öz önümlerini Moskwadaky “Prodekspo-2024” sergisinde görkezýärler
24.04.2018 | Türkmen-özbek işewürler maslahaty
Türkmen-özbek işewürler maslahaty
Ermenistanyň bazarynda “Türkmenistanda öndürilen” önümlere gyzyklanma artýar