“TT Meridian” Türkmenistanyň üsti bilen Britaniýa-Wýetnam howa ýük gatnawyny girizer

“TT Meridian” Türkmenistanyň üsti bilen Britaniýa-Wýetnam howa ýük gatnawyny girizer

Britaniýanyň we Wýetnamyň söwda bazarlaryna ünsi jemlän öňdebaryjy halkara logistika we söwda kompaniýasy “TT Meridian” 19-njy maýda Türkmenistanyň üsti bilen Britaniýa-Wýetnam howa arkaly ýük gatnawyny ýola goýýandygyny mälim etdi. Bu barada söwda awiasiýa žurnaly “Airways” ýekşenbe güni habar berdi.

Bu gatnaw “Türkmenhowaýollary” (T5) tarapyndan amala aşyrylyp, bu onuň şu görnüşdäki ilkinji hyzmaty bolup durýar. Bu hyzmat 2021-nji ýylyň maý aýyndaky erkin söwda ylalaşygy ýerine ýetirilenden soň Britaniýa bilen Wýetnamyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwdany ýokarlandyrar diýlip garaşylýar.

“TT Meridian” kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Taý Tran täze gatnawyň eksportçylara, importçylara we ýük ekspeditorlaryna söwda bazaryndaky bar bolan göni we gytaklaýyn hyzmatlaryndan başga-da has köp mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirdi.

Ýük göterijiligi 30 tonna barabar bolan “A330” kysymly ýük uçary arkaly amala aşyrylýan ýük daşamalary Londanyň Stansted Howa menzilinden ýerli wagt bilen çarşenbe güni agşam ugradylar.Dört sagat geçenden soň ýük uçary Türkmenistanyň Aşgabat halkara howa menziline (ASB) geler we soňra ýerli wagt bilen günortan Wýetnamyň Noý Baý halkara howa menziline (HAN) barar. Ýük uçary yzyna penşenbe güni agşam Noý Baýdan ugrap, 5-6 günden soň çarşenbe güni irden Stansted şäherine barar.

Ýene degişli makalalar

Hytaý we Wýetnam Beýbu aýlagyna 128 million balyk goýberdi
Saglygy goraýyş, bilim we sport bagtyýarlyk, rowaçlyk
Mirasy şäherleriñ Bütindünýä Guramasynyñ IV Aziýa - Ýuwaş ummany sebitleýin maslahaty
Türkmenistan ilkinji gezek Bütindünýä mirasynyň şäherleri guramasynyň sebitleýin forumyna gatnaşýar
45 sany ýaş oýlap tapyjy Türkmenistanda geçirilen Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar atly halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
Yragyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär, Ýagşymyradow Bellator ýaryşynda ýeňiş gazandy, Türkmenistanyň medeniýet ministri TURKSOÝ-yň mejlisine gatnaşar we beýleki habarlar
Türkmen wekiliýeti ulag ulgamy boýunça Astanada geçirilen New Silk Way işewürlik forumyna gatnaşdy