Türk alymlary Nuhuň gämisini öwrenýärler

Türk alymlary Nuhuň gämisini öwrenýärler

Stambulyň tehniki uniwersitetiniň alymlary Ararat dagyndan ele salnan taryhy tapyndylaryň ylmy seljermesini alyp barýarlar. Ylmy-barlaglar olar, hakykatdanam, Nuhuň gämisimi ýa däl, anyklamaga mümkinçilik berer diýip, ýurduň TRT teleýaýlymy habar berdi.

Ylmy işe geofizika, geoarheologiýa, biologiýa we himiýa boýunça hünärmenler gatnaşýarlar. Olar topragyň we dag jynslarynyň 30 nusgalygyny öwrenýärler. Barlaglar eýýäm iki aý çemesi dowam edýär, gutarnykly netijeler ýene bir aýdan mälim ediler.

Işiň maksady tapyndylaryň bu sebitiň däp bolup gelýän geologik jynslaryndan tapawutlanýandygyny kesgitlemekdir, eger bu, hakykatdanam şeýle bolsa, onda Araratyň eteginde ele salnan arheologik tapyndy Injilde gürrüňi edilýän gäminiň galyndysy bolup biler. Emma munuň diňe tebigatyň oýny bolup biljekdigi hem aradan aýrylmaýar.

Ararat dagyndaky Nuhuň gämisi barada ilkinji maglumatlar IV asyr bilen senelenýär. Soňky iki ýüz ýylda dagda we onuň töwereklerinde dürli ýurtlardan bolan ylmy ekspedisiýalaryň onlarçasy guraldy. Diňe 1959-njy ýylda bu ýerdäki jülgede äpet gäminiň daşa dönen yzynyň üstünden baryldy.

Ýene degişli makalalar

Moldowanyň Parlamentinde Gagauz hat ýazuwyna we diline bagyşlanan sergi açyldy