Türk Howpsuzlyk Guramasy

Türk Howpsuzlyk Guramasy

Türk milli howpsuzlyk guramasy (MHG) soňky ýyllarda Yrakda we Siriýada geçiren üstünlikli operasiýalary bilen özüni tanadan bolsa, dünýäde birnäçe howpsuzlyk guramasynyň eýe bolan adam we tehniki serişde bilen dünýäniň ençeme ýerinde şol bir wagtda operasiýalary amala aşyryp bilýär.

Esasanda Türkiýäniň 2015-2016-njy ýyllarda kabul eden täze howpsuzlyk doktrinasy bilen öz milli howpsuzlygyna abanýan wehimleri ýerinde ortadan aýyrmak boýunça strategiýanyň iş ýüzüne geçirilmeginde iň esasy guramalardan biri boldy.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňza ýetirýäris.

Türkiýe dartgynlyk sebitde hamala diýersiňiz otly halkanyň içinde beýgelýän sebitleýin güýç. Ýakyn Gündogardan Afrika, Balkanlardan Orta Aziýa uzap gidýän hinterlandy bar we adybir sebitlerde güýçli pozisiýa eýelemek isleýän, hem ýumşak güýç faktory hem-de berk harby güýji bilen pozisiýasyny berkitmek isleýän ýurtlardan biri.

Soňky ýyllarda esasanda goranyş senagaty we öndüren ýaragly uçarmansyz howa ulaglary ulgamy bilen global derejede güýç toplan ýurt.Emma Türkiýäniň ýerleşýän sebitiniň ýany bilen alyp gelýän uly gapma-garşylyklarynyň bardygyny görýäris.

Elbetde olaryň başynda goňşy ýurtlardaki awtoritar boşluk hem-de terror durýar.Netijede Türkiýe uzak ýyllardan bäri ekstremist terror guramasy PKK garşy göreşýän hem bolsa, esasanda Yrakda we Siriýada başdan geçirilenler terroryň tebigatyny we şeýlelikde görkezilýän gaýtawuly hem özgertdi.

Türkiýe 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygyndan soň milli howpsuzlygyna abanýan terror howpuna garşy, şol howplary ýerinde ýok etme strategiýasyny kabul etdi. Şol täze strategiýa uly göwrümli serhetaşa operasiýalar diýmekligi aňladýar. “Ýefrat Galkany”, “Zeýtun Şahajygy”, “Berkararlyk” operasiýasy ýaly uly operasiýalar guraldy.

Emma konwensional harby çemeleşmeleriň ýany bilen Türkiýe, Milli howpsuzlyk guramasyna uly maýa goýumlaryny goýup, ony bütin dünýäde operasiýalary amala aşyrjak ukyba ýetirdi.

2012-nji ýylda Baş ştabyň Elektron ulgamlar serkerdeliginiň MHG-nyň garamagyna berilmegi we MHG-nyň kanununa girizilen goşmaçalar öz netijesini berdi. Şeýlelikde özgerýän dünýä şertleri we howpsuzlyk wehimleriniň öňünde MHG-nyň kanuny, tehniki, kiber we adam serişdesiniň ukyby artdyrylyp, kuwwaty ýokarlandyryldy.

Guramanyň Başlygy Hakan Fidanyň şahsy gözýetimi we liderligi bu taýda iň möhüm faktor bolup durýan bosla, elbetde Prezident R.T.Erdyganyň syýasy ygtyýary we ygrarly pozisiýasy kesgitleýji boldy.Erdogan Türkiýäniň güýçli bolmagy üçin güýçli howpsuzlyk guramasynyň gerekdigi düşünjesine laýyk hereket etdi.

Şeýlelikde ähli degişli ugurlarda ukyby artdyrylan MHG, esasanda Yrakda we Siriýada PKK hem-de onuň ýaranlaryna garşy möhüm operasiýalary guramaga başlady. Guramanyň ýolbaşçy adamlary täsirsiz ýagdaýa getirilen bolsa, dolanşyk ulgamy ejizledilip, ruhy taýdan hem çölmegi nazarda tutuldy we şol çäkde uly üstünlikler gazanyldy.

2016-njy ýyldan bäri 400-den gowrak adam MHG-nyň operasion bölümleriniň saýasynda Yrakda we Siriýada täsirsiz ýagdaýa getirildi.Diýar Garip ýaly PKK/KJK-niň merkezi dolandyryjylar geňeşiniň agzalaryndan Şengalli ýaly Sinjar şäheriniň jogapkärlerine çenli guramada esasy pozisiýada bolan adamlar ýeke-ýekeden ýok edilen bolsa, käbir operasiýalar Türkiýäniň serhetlerinden 275 kilometr içerde geçirildi. Ýaragly uçarmansyz howa ulaglaryndan netijeli peýdalanylýan operasiýalar, ýerlerdäki içalylar tarapyndan dolandyrylýar.

Soňky aýlarda guramanyň agzalary esasan öli däl, eýsem diri ele salynýar.

Jemläp aýdanymyzda Türkiýäniň bir tarapdan konwensional ýagdaýda harby operasiýalary guraýarka beýleki tarapdan ähli taraplaýyn şertleri we ukyplary ýokary, täze strategik missiýa eýe bolan MHG bilen bilelikde birnäçe ýurtda şol bir wagtda operasiýalar geçirip, milli howpsuzlygyna wehim salýan faktorlary ortadan aýyrýar.

Dünýade diňe birnäçe ýurduň howpsuzlyk guramasynyň eýe bolan ukybyna eýe bolan MHG global derejede beýgelýän gurama hökmünde öňe saýlanýan bolsa, Türkiýe üçin hem möhüm güýje öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

Türk ministrlerinden we MHG-nyň başlygyndan ybarat wekiliýet Siriýanyň lideri bilen duşuşyk geçirer
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
MHG Türkiýäniň Haklarynyň we Bähbitleriniň Hukuk Kadalaryna Laýyklykda Goraljakdygyny Beýan Etdi
MHG Siriýanyň demirgazygynda DAIŞ-e garşy operasiýa geçirdi
MHG PKK/KJK Terrorçylarynyň Ýolbaşçysyny Türkiýä Getirdi
Türkmenistanda dolandyryş-çäk gurluşyna üýtgeşmeler giriziler, Aşgabatda halkara nebitgaz forumy geçiriler, Hazara gülgüne flamingolar gyşlamak üçin uçup geldiler