Türk kompaniýasy Balkan welaýatynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan elektrik stansiýasyny gurar

Türk kompaniýasy Balkan welaýatynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan elektrik stansiýasyny gurar

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Türkmenenergo döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyny we ony energoulgama birikdirmek üçin gerekli elektrik geçiriji ulgamlary gurmak hem-de bar bolan Döwlet elektrik stansiýalary üçin zerur ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada Türkiýe Respublikasynyň Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama laýyklykda, şeýle-de şertnamada elektrik stansiýasy üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak we olary umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek göz öňünde tutulandyr.

Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň noýabr aýynda başlamak we desgany 2027-nji ýylyň maý aýynda ulanmaga doly taýýar edip bermek tabşyryldy.

Watan habarlar gepleşiginde beýan edilişi ýaly, döwlet Baştutany resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, elektrik energetikasy pudagyna döwrebap täze tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen gol çekdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Balkanda täze elektrik stansiýanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
“Nahal” hojalyk jemgyýeti Arçmanda täze binalar toplumyny gurar
Türkmenistanda guruljak ilkinji Gün we ýel elektrik stansiýanyň mümkinçilikleri seljerildi
Işewürlik daýžest: 24 — 30-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
Türkmenistanda ilkinji ýel we gün elektrik stansiýasyny gurjak kompaniýa seçilip alyndy
Serdar etrabynyň çägindäki köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak işi çaltlandyrylýar