Türk medeniýetiniň günleri geçirildi

5-nji dekabrda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Oňa jemgyýetçiligiň, ýurdumyzda işleýän diplomatik düzümleriň, döredijilik işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, talyp ýaşlaryň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň beýik Magtymgulynyň adyny göterýän Milli sazly-drama teatrynda geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir.

Şu gezekki medeni çäräniň açylyş dabarasynda Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Omer Arisoý iki doganlyk halkyň taryhy taýdan kemala gelen medeni hem-de ruhy umumylygynyň, iki ýurduň özara bähbitli, doly derejeli hyzmatdaşlyk ugruna ygrarlydygynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ygtybarly binýady bolup durýandygyny belledi.Soňra türk artistleriniň konserti boldy.

Onuň maksatnamasyna Türkiýäniň Döwlet opera we balet teatrynyň aýdymçylarynyň, folklor sungatyna wekilçilik edýän aýdymçydyr sazandalaryň, belli döredijilik toparlarynyň çykyşlary girizildi.Artistler sazyň ajaýyp dili bilen öz halkynyň köp öwüşginli medeni ýörelgelerini beýan etdiler.

Giňden tanalýan opera aýdymçylary Çidem Gurdal hem-de Seher Çagataý dünýä saz sungaty hazynasyndan aýdymlary we türk kompozitorlarynyň eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.“Türk dünýäsi” aýdym-saz we tans topary hem özboluşly saz çykyşlary bilen tomaşaçylary begendirdiler.

Ozal hem ýurdumyzda ençeme gezek çykyş eden bu toparyň türkmen halk aýdymlaryny ýerine ýetirmegi konserte gatnaşyjylar üçin ajaýyp sowgat boldy. Şeýle hem dünýä belli “Mehter” türk aýdym-saz toparynyň çykyşlary hem özboluşlylygy bilen täsir galdyrdy.

Bu toparyň taryhy XIV asyrdan başlanýar hem-de dünýäde ilkinji harby orkestrleriň biri hasap edilýär.Şol gün medeni çäräniň çäklerinde paýtagtymyzdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkiýäniň halk senetçiliginiň we fotosungatynyň sergisi geçirildi.

Köp sanly amaly-haşam sungatyna sarpa goýýanlarda ussatlyk bilen galaýydan ýasalan, aýnadan edilen nagyşly önümler, külalçylyk, bezegli sandyjyklar we hasalar, matalara çekilen keşdeler, kümüş şaý-sepler, “ebru” usulynda çekilen suratlar uly gyzyklanma döretdi.Gadymy fotosuratlar we häzirki döwrüň türk fotosuratçylarynyň işleri serginiň aýratyn bölümini düzdi.

Sergini guraýjylar Türkiýäniň bir bitewi keşbini döretmegi başardylar.Taryhyň sahypasyna öwrülen täsin ak-gara fotosuratlarda türk şäherleriniň binagärlik keşbi, dürli ýaşdaky we dürli hünärli adamlaryň keşpleri örboýuna galýar.

Häzirki döwrüň işlerinde bu ýurduň tebigat gözellikleri, gadymy ýadygärlikleri, syýahatçylyk künjekleri hem-de täze binagärligi, milli baýramlary we gündelik iş-aladalary beýan edilýär.6-njy dekabrda Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda türkmen we türk artistleriniň konserti bilen medeni çäre tamamlandy.

Ýene degişli makalalar

05.12.2017 | Türk medeniýetiniň günleri türkmenistanlylary doganlyk halkyň döredijilik däpleri bilen tanyşdyrýar
Türk medeniýetiniň günleri türkmenistanlylary doganlyk halkyň döredijilik däpleri bilen tanyşdyrýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
"Iran Khodro" kompaniýasynyň we "Türkmenawtoulaglary" Agentliginiň ýolbaşçylary hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
31 klubda çykyş eden Abreu futbol bilen hoşlaşdy
Ýerli synçy: Demokratiýa maşgalada başlaýar