Türk mediasyna syn (Wideo)

Türk mediasyna syn (Wideo)

Türk mediasynyň maglumatyna görä, Türkmenistana işlemäge giden 38 ýaşly binagär, 2 çaganyň kakasy Ergül Awşaryň agasy Ergin Awşar erkek doganynyň Covid-19-a ýolugandygyny aýdyp, onuň Türkiýä getirilmegi üçin prezident Rejep Taýyp Ärdogandan we saglyk ministri Fahrettin Gojadan kömek soraýar.

Ergin Awşaryň aýtmagyna görä, Türkmenistana işlemäge giden Ergül Awşar koronawirus ýokanjyna ýolugyp, hassahanada kyn ýagdaýda galýar.

Türkiýede uzak wagtlap iş tapyp bilmedik Ergül Awşar 3 ýyl mundan öň Türkmenistana işlemäge gitdi. Ol mundan takmynan 15 gün owal Covid-19-a ýolugdy we ýagdaýynyň agyrlaşmagy netijesinde, hassahana ýerleşdirildi.

Ergül Awşara koronawirus diýagnozy goýlandan soňra,ony Türkmenistanyň döwlet hassahanasynyň agyr keseller bölümine geçirýärler.

Onuň agasy Ergin Awşar doganynyň Türkiýede saglygyny bejertmegini isleýändikleri üçin Anka Habar gullugynyň araçyllyk etmeginde türk häkimiýetlerinden kömek soraýar.

“38 ýaşyndaky erkek doganym takmynan, 15 günläp koronawirus bilen söweşýär.Onuň ýagdaýlaryna alada bildirýäris.O ýerde bejergi şertleri nähilikä?Elimiz uzamaýar.Türkiýede iň azyndan, nähili bejergi berilýändigini görýäris, bilýäris we eşitýäris.

O ýerde nähilidigini bilemizok.Maşgalamyz “tiken üstünde”.Prezidentimiziň, Saglyk ministrimiziň kimiň eli uzansa, kim kömek edip bilse, olardan ýardama garaşýarys.” binagäriň agasy sözüni dowam edýär.

“Mençe doganymyň saglyk ýagdaýlary gowy däl. Çünki, onuň sesi maňa gowy gelmeýär.Ýerinden galyp bilmeýändigini aýdýar. Koronawirusdan ejemizi ýitirdik, inimizi ýitirmek islemeýäris.Iň azyndan bu ýerde ýanymyzda bolsun!” diýip Ergin Awşar sözüne goşýar.

Ol doganynyň Türkiýä getirilmegi üçin ähli resminamalary taýýarlap, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasyna ýüz tutandyklaryny, DIM-den tassyklama garaşýarys diýendiklerini we bir hepde bäri jogap ýokdygyny belleýär.

“Bize ilçihanadan 265 müň liraňyz (30 müň dollardan gowrak) bar bolsa, ýörite uçar tutup getiriň diýýärler.Biz Türkmenistandaky ilçihanamyz bilen habarlaşyp bilýäris.

O ýerdenem biz ähli zady taýýarladyk we wakalary pugta yzarlaýarys diýýärler.Olaryň näderejede yzarlaýandygyny bilemizok. Bize ýagdaýlary gowy diýenlerinde inime telefon edenimde, sesi çykmaýar. “Agam, dem alyp bilemok” diýýär.

Hatta,ol ýerinden hem galyp bilenok.Iki gün geçdi, “ýuwaş-ýuwaş özüme gelýän” diýýär.Emma, näme bolýandygyny bilemizok.Öz ülkämizde bolsa,howpsuz boljak. Ýöne, o ýerde näme bolandygyny bilemizok.

Başga bir ülke” diýip Ergün Awşar “sesiňizi köp çykarmaň” diýlendigini hem nygtaýar.

“Doganymyň iki çagasy bar.Olar okuw gitjekler we kakasyny soraýarlar.Juda agyr ýagdaý.O ýerde şertleriň nähilidigini bilemizok.Bize Köp gorjalamaň.

O ýerdäki bejergini ýarysyndan keserler.Sesiňizi köp çykarmaň’ diýýärler. Çagalaryna, aýalyna bir zat aýdyp bilemok.Diňe men gepleşýärin.Döwletimizden umudymyzy kesemizok.Tiz wagtda döwletimiziň bir çykalga tapjakdygyna ynanýarys.

Inşalla, sesimizi eşiderler” diýip Ergin Awşar umyt edýär.

Türk mediasynyň habaryna görä,Türkmenistanda COVID-19-a ýolugan 38 ýaşly, binagär Ergül Awşaryň 7 ýaşyndaky Arif we 5 ýaşyndaky Kiraz atly çagalary bolsa, “Taýyp däde, bize kakamyzy getiriň, haýyş!” diýýärler.

Ýeri gelende bellesek, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” owal beren maglumatlaryna laýyklykda, Ankara kazyýeti geçen ýylyň iýul aýynda Covid-19 sebäpli aradan çykan Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň din meseleleri boýunça geňeşçisi Kemal Uçkunyň aýaly Guzide Uçkunyň arzasyny kabul etdi.

Türkiýäniň mediasynda çap edilen uly göwrümli makalada Türkmenistanda koronawirusdan ýogalan türk diplomaty Kemal Uçkunyň aýalynyň türk häkimiýetlerini geleňsizlikde aýyplap, bir million türk liralyk kompensasiýa talap edýändigi habar berlipdi.The post Türk mediasyna syn (Wideo) first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Resmiler Respublika baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmelerini çap etdiler
Litwada rus oppozisionere hüjüm guraldy
Lebabyň saglyk edaralarynda prokuratura barlaglary geçirilýär
Düzje Ýufka çörekli Konuralp Palowy
Lebapda pagta ýygym möwsümini 12-nji dekabra çenli dowam etdirmek göz öňünde tutulýar
Araçy Katar Ysraýyl Hamas ýaraşygynyň 1-nji dekabra çenli uzaldylandygyny tassyklady