Türk metbugatynyň ýazmagyna görä, Stambulyň Esenýurt etrabyndaky TEM gara ýolunda bolan awtoulag heläkçiligi netijesinde iki zenan aradan çykdy we üç ýaşyndaky gyzjagaz agyr ýaralandy.
Gum daşaýan uly demir awtoulagyň Türkmenistanly sürüjisi E.T. entek belli bolmadyk sebäplere görä, awtoulagyna gözegçiligini ýitirip, gara ýoluň garşy tarapyndan barýan “Jeep” awtoulagyny güýçli urupdyr.
Ulagyň sürüjisi Serin Urunpinar we onuň üç ýaşly gyzy Doga agyr ýaralanyp, keselhana ýerleşdirilipdir. 25 ýaşly, Türkmenistanly, çaga bakyjy Şirin atly gyz ýol heläkçiligi wagtynda awtoulagdan daşary atylypdyr we wakanyň bolan ýerinde aradan çykypdyr.
Gum daşaýan uly awtoulagyň sürüjisi Türkmenistanly E.T. ýol heläkçiligi bolandan soňra, ol ýerden gaçypdyr. Emma, polisiýa topary köp wagt geçmezden, ony ele salypdyr. E.T. sorag üçin polisiýa alynyp gidilipdir.
“Jeep” ulagynyň sürüjisi, agyr ýaralanan Serin Urunpinar keselhanada aradan çykypdyr. Onuň keselhanadaky üç ýaşly gyzynyň saglygy agyr ýagdaýda. Ýol heläkçiliginiň bolan ýerinde aradan çykan 25 ýaşly Şiriniň jesedi Türkmenistana ýollandy diýip türk mediasy ýazýar.
**
Stambulyň Kadyköý etrabynda iki dogan awtoulagyny park etmek islände, olara iki kişi döner pyçakly hüjüm etdi. Bu dawa ol ýerdäki kamera ýazylypdyr diýip türk mediasy maglumat berýär. (wideo)
Maglumatlara göra, 41 ýaşly Serkan K.we 39 ýaşly Özkan K.awtoulagyny dönerhananyň öňüne park etmek isledi. Şol sebäpli, dönerhanada işleýänleriň we iki doganyň arasynda dawa ýüze çykdy.
Bu dawa ýumruklaşma öwrülenden soňra, dönerhanada işleýän 32 ýaşly Hasan K.we 24 ýaşly, Türkmenistanly Arslan A. iki dogana döner pyçagy bilen hüjüm edýär.
Bu wakada agyr ýaralanan doganlar hassahana ýerleşdirildi. Iki dogana pyçakly hüjüm eden Hasan K. we 24 ýaşly, türkmenistanly Arslan A. polisiýa tarapyndan tutuldy.
Olaryň polisiýadaky işleri tamamlanandan soňra, Kartal etrabyndaky Adalat edarasyna eltilen iki şübheli “ýaragly bilkastlaýyn ýaralamak” aýyplamasy bilen Maltepe etrabyndaky türmä ýollandy diýip türk mediasy habar berdi.The post Türk mediasyna syn first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.
