Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “PKK uly zarba” söz başyly habarynda, ekstremist terror guramasy PKK-nyň Yragyň demirgazygynda bazasy diýilýän Gara etrabyna 10-njy fewralda başladylan operasiýanyň tamamlanandygyny ýazýar.Gazet operasiýada 53 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini, 2 terrorçynyň ele salynandygyny, terror guramasynyň etrapdaky pozisiýalaryna agyr zarba urlup, gözegçilik astyna alynandygyny ýaýzar.

Terror guramasy PKK-nyň 13 raýaty öldürmegi bolsa guramanyň hyýanatçylykly ýüzüne ýene-de bir gezek görkezdi.

“Star” gazeti “Milli söweşiji uçar boýunça işler dowam edýär” söz başyly habarynda, ýerli we milli döwrebap harby uçaryň özbolyşly hem-de ýerli güýje eýe bolmagy üçin täze başlangyçlaryň edilýändigine ünsleri çekýär.

Habarda uçaryň ýerli güýç unitazlarynyň öndürilmegi üçin milli hereketlendirijini dizaýn edýän we öndürýän firmalardan “TRMOTOR” bilen ylalaşyga gol çekişilip, taslamada möhüm tapgyra ýetilendigi, milli söweş uçarynyň 2023-nji ýylda ulanmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigi okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.

“Hürriýet” gazeti “Ylymyň başarjaň türkleri” söz başyly habarynda, soňky döwürde dünýäde iş ýüzüne geçirýän ylmy barlaglara türk alymlarynyň öz möhrüni basýandygyny, biomedial alymy we işewür Doktor Özlem Türeji bilen Professor Ugur Şahiniň öndüren koronawirus sanjymy bilen bütin dünýäniň umydyna öwrülendigini mälim edýär.

Türk alymy Kamil Önder hem Kowid-19-yň täze görnüşini gysga möhletde kesgitleýän PCR testini oýlap tapdy.Professor Rahmi Öklü bolsa rak öýjügini ýok edýän sanjymy oýlap tapyp, esasanda transplantasiýa garaşýan bagyr ragy kesellileri üçin umyt döretdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “JP Morgan: Türkiýe 2021-nji ýylda 4,6 göterim ösüş eder” söz başyly habarynda, Amerikanyň maýa goýum banky we maliýe üpjünçilik holdingi “JP Morganyň” Türkiýäniň 2020-nji we 2021-nji ýyllardaky ösüş çaklamasyny ýokarlandyrandygyny ýazýar. “JP Morgan” fewral aýyndaky rekord senagat önümçiliginden soň Türkiýäniň 2020-nji ýyl üçin ösüş çaklamasyny 1,1 göterimden 1,9 göterime, 2021-nji ýyl üçin çaklamasyny bolsa 3,3 göterimden 4,9 göterime ýokarlandyrdy.

“Watan” gazeti “Konýanyň aw tüpeňleri üçin 65 ýurt nobata durdy” söz başyly habarynda, Konýanyn Beýşehir etraynda öndürilýän “Huglu” aw tüpeňlerinin Aziýada, Ýewropada we Uzak Gündogarda 65 ýurda eksport edilýändigine ünsleri çekýär. “Huglu” aw tüpeňleri estetiki görnüşi, hili we uzak möhletli ulanmaga çydamlylygy bilen bäsdeşlerinden öňe saýlanýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

Siriýanyň demirgazygynda PKK/ÝPG-e agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
PKK-a agza 2 terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi
ABŞ-nyň Terrorizme Garşy Göreş Boýunça Resmisi Şu Gün Türkiýä Geler
Prezident Erdogan Yrakda saparda boldy
Erdogan: "PKK-nyň ortadan aýrylmagy Yragyň hem bähbidinedir" diýdi
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär