Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: "Türkiýe Dendiasa reaksiýa bildirdi" söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Tanžu Bilgijiň Gresiýanyň Daşary işler ministri Türkiýe bilen baglanşykly beren beýanatyna reaksiýa bildirendigini habar berýär.

Tanžu Bilgiç: "Türkiýäniň sebitinde we ýakyn töwereginde parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagynda eýeleýän roluna görebilmezçilik edýän Gresiýanyň Türkiýe bilen her meselede bäsdeşlige girmäge synanyşmagy, hyzmatdaşlygyň ýerine dartgynlygy saýlamagy we Türkiýä garşy emeli alýanslar döretmäge synanyşmagy boş tagallalardyr" diýip belledi.

Haber Türk gazedi: "Liwiýada 2 ýyl bäri tussaglykda saklanan 7 türk raýaty Türkiýä gaýdyp geldi" söz başyly habarynda, Liwiýanyň gündogarynda esassyz öňe sürmeler bilen takmynan 2 ýyl bäri saklanýan 7 türk raýaty, Türkiýäniň Milli Howpsuzlyk gullugynyň, Kataryň Milli Howpsuzlyk gullugy bilen geçiren işleriniň netijesinde ýurda gaýdyp getirilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, ýurda gaýdyp gelenlerinden soň raýatlar bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, olara başdan geçirenleri zerarly gynanç bildirdi.

Sabah gazedi: "Türk inženerler oýlap tapdy, dünýäde başga nusgasy ýok" söz başyly habarynda, Türkiýäniň goranyş senagatynda, esasan hem uçarmansyz howa ulaglary we ýaragly uçarmansyz howa ulaglary tehnologiýasynda dünýä nusga bolýandygyny beýan edýär.

Uçarmansyz howa ulaglary üçin Türkiýe tarapyndan oýlanyp tapylan ulgamlar häzirki wagtda dünýäde ilkinji orunda durýar.Günorta Koreýa ABŞ-dan satyn alan uçarmansyz howa ulaglarynyň synaglaryny hem Türkiýede geçirmek isleýär.

Ýeni Şafak gazedi: "Türkali-2-de rekord derejede" söz başyly habarynda, Sakarýa gaz meýdançasyndaky Türkali-2 gaz ýatagynda geçirilen gaz akyş synaglarynda, gündelik 650 müň kub metr bilen rekord derejede gaz çykarylandygyny aýan edýär.

Hürriýet gazedi: "Ägirt uly 650 gämi bilen 750 müň syýahatçy Kuşadasyna geler" söz başyly habarynda, Türkiýäniň möhüm syýahatçylyk zolaklarynyň biri bolan Aýdyn welaýatynyň Kuşadasy etrabyna 2022-nji ýylda gelmek üçin 650 kruzi gämisi bilen 750 müň syýahatçynyň bronirleme işlerini geçirendigini mälim edýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gresiýa degişli adanyň golaýynda 22 adam halas edildi
Gazy eksport ediji döwletleriň forumy Türkmenistanyň gurama agza bolmagyna gyzyklanma bildirýär
Energiýada Täze Ugur: Ortaýer Deňizi
Gurbanguly Berdimuhamedowyň “KazanForum 2024” forumyna gatnaşmagyna garaşylýar
EFES-2024 Türgenleşigi Geçirildi