“Habar Türk” gazeti, “Erdogan: ähli görkezijiler halkara derejesinde gazanylan üstünligi görkezýär” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň, Türkiýäniň halkara krizislere garşy çydamly ýagdaýa gelmeginiň, krizisleri pursada öwürmek we krizislerden ýerlikli peýdalanmak meselesinde güýçli ulgama eýedigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.
Prezident Erdogan, ösüş depgini, önümçilik, iş üpjünçiligi, eksport we bujet deňagramlylygy ýaly görkezijileriň Türkiýe taýdan halkara derejesinde gazanan üstünligini görkezýändigini belledi.
“Ýeni Şafak” gazeti, Türkiýäniň 8-nji emeli hemrasy älem giňişligine uçuryldy” söz başyly habarynda, Türksat emeli hemralarynyň iň güýçlilerinden biri bolan Türksat 5 B-niň, ABŞ-nyň Florida ştatyndan älem giňişligine uçurlandygyny habar berýär. Türksat 5 B, Spaýs X firmasyna degişli Falkon 9 raketasy bilen älem giňişligine uçuryldy.
“Star” gazeti, “Türkiýäniň tejribeleri görelde alarlyk” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýerli we milli Ýaragly uçarmansyz howa ulaglary Baýraktar TB 2-ler hakynda beýannama beren, ABŞ-nyň Goranmak ministriniň kömekçilerinden Skot Krinonyň “Siriýada, Liwiýada we Garabagda gazanylan üstünlikleriň arkasynda Türkiýäniň öndüren ýerli we milli ýaragly uçarmansyz howa ulaglary bar.
Türkiýe bu meselede görelde alarlyk ýurtlardan biri” diýen sözlerine ýer berýär.
“Sabah” gazeti, “Türkowaka ýokary baha” söz başyly habarynda Türkiýäniň Sanjym institutynyň başlygy we Koronawirus ylmy geňeşiniň agzasy Prof. Dr. Ateş Karanyň, koronawirusa garşy öndürlen ilkinji ýerli Kowid-19 sanjymynyň kliniki barlaglarynyň netijesininiň ýokarydygyna ünsi çekendigini belleýär. Türkowak sanjymyny etdileriň arasynda koronawirusy agyr geçirenlerin ýokdygyny nygtan Kara “Türkowagyň täsiri ýokary. Üçünji doza sanjym hökmünde ulanylyp bilner” diýdi.
“Hürriýet gazeti, “Wakyfbank 4-nji gezek dünýä çempiony boldy” söz başyly habarynda, WakyfBank, FYWB Zenanlar bütindünýä komandalar çempionadynyň final bäsleşiginde Italiýanyň wekili İmojo Joneglianony 3-2 hasabynda ýeňip 4-nji gezek çempion bolandygyny habar berýär.
