Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Dünýäden Prezident Erdogana we aýalyna geçdigi bolsun ýüzlenmeleri” söz başyl habarynda, dünýä liderleriniň Kowid-19 pandemiýasyna ýolugan Prezident R.T.Erdogana we aýaly Emine Erdogan üçin “geçdigi bolsun” ýüzlenmelerini çap edendigini ýazýar. Prezident Erdogan özüne “geçdigi bolsun” dileglerini ugradanlara ýeke-ýekeden sagbolsun aýtdy.

“Haber Türk” gazeti “TANAP-yň üpjünçiliginiň artydyrlmagyny goldaýarys” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň Trans Anadoly Tebigy Gaz Turba Göteriji Taslamasynyň (TANAP) üpjünçiliginiň artdyrylmagynyň gün tertibindedigini beýan edip; “Hormaty Aliýew hem Azerbaýjanyň Energetika ministri Şahbazow hem gözleg we önümçilik tarapynda maýa goýumlaryň depginini güýçlendirendiklerini, göterijiden akdyryljak gazy gysga möhletde ulgama birikdirme mümkinçilikleriniň bardygyny beýan etdiler.

Biz hem ony goldaýandygymyzy beýan etdik” diýen sözlerini çap edýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Awtomobil senagaty ýanwar aýynda 2,2 milliard dollarlyk eksport etdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň awtomobil senagatynyň ýanwar aýynydaky eksportunyň 2,2 milliard dollara barabar bolandygyny mälim edýär. Ýurduň eksportunda birinji orny eýeleýän pudagyň jemi eksportdaky paýy bolsa 12,7 göterim boldy.

“Hürriýet” gazeti “Stambul howa menzili Ýewropada birinji” söz başyly habarynda, Ýewropanyň Awianawigasiýa howpsuzlygy guramasynyň 27-nji ýanwar bilen 3-nji fewralyň aralygyndaky uçar gatnawyna görä Stambul howa menzili jemi 7,055 uçuş bilen Ýewropada iň köp uçuş edilen howa menzili bolandygyny ýazýar.

“Sabah” gazeti “Ruslaryň Türkiýedäki 5 ýyldyzly iş düzgüni” söz başyly habarynda, Russiýada Kowid-19 ýokanjyna ýolukýanlaryň sanynyň artmagy sebäpli ýurduň belli hususy banklaryndan Sawkombankyň işgärleriniň onlaýn işlemekleri üçin Türkiýedäki 5 ýyldyzly myhmanhanalara ugratmak hakynda karar kabul edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Uçar petekleri we myhmanhana çykdajylary firma tarapyndan tölenjek iş düzgünine laýyklykda “blak ofis” işgärleri bilen maglumatlar bölüminiň gullukçylary bir hepde möhlet bilen Türkiýä ugradylar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan, Azerbaýjanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny