Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: "Montrýo üns bilen durmuşa geçiriler" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen Milli Howpsuzlyk geňeşiniň maslahatyndan soň çap edilen jarnamada: "Türkiýe Gara deňizde parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin Montrýo ylalaşygyny üns bilen durmuşa geçirmek bilen birlikde araçylyk we ýeňilleşdiriji tagallalaryny dowam etdirer" diýip habar berildi.

Watan gazedi: "Bir zatlar edip biljek ýeke täk ýurt Türkiýe" söz başyly habarynda, Gollandiýanyň Premýer ministri Mark Rýutteniň, 10 ýyl arakesmeden soň Ankara guran saparynyň Gollandiýanyň metbugatynda giň orun berilendigini mälim edýär.

Gollandiýanyň metbugatynda Türkiýäniň Ukrainada dowam edýän söweşiň bes edilmegi üçin tankydy rol eýeleýändigine ünsler çekilen bolsa, gazetlerde "Türkiýäniň Ukraina babatynda bir zatlar edip biljek NATO agza ýeke täk ýurt.

Araçylyk roly Erdogana gelişýär" diýip bellendi.

Ýeni Şafak gazedi: "Ýewropada 5-nji orundadyrys" söz başyly habarynda, Türkiýäniň gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça bar bolan kuwwat taýdan Ýewropada 5-nji orundadygyny, dünýäde bolsa 12-nji orundadygyny beýan edýär. Türkiýe gün energiýasynda bar bolan kuwwat taýdan bolsa Ýewropada 8-nji orunda, dünýäde bolsa 16-njy orunda.

Star gazedi: "ÝB-den Türkiýä 430 million ýewrolyk goldaw bukjasy" söz başyly habarynda, Ýewropa Bileleşiginiň Türkiýedäki oba hojalyk we obalyk ýerleriň galkynyş programmasyna 2027-nji ýyla çenli 430 million ýewrolyk goldaw berjekdigini aýan edýär.

Hürriýet gazedi: "Türkiýe EURO 2028 ýer eýeçiligi üçin dalaşgär" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Futbol federasiýasynyň EURO 2028 çempionatynyň final tapgyrynyň Türkiýede geçirilmegi üçin UEFA resmi ýagdaýda ýüz tutandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

EURO 2024 Çempionatynyň Çempiony Ispaniýa Boldy
Angliýada Sautgeýtiň döwri tamamlandy
Ispaniýanyň ýygyndysy näçe pul baýragyny gazandy?
EURO 2024-iň ýyldyzy klubuny üýtgetdi
Ýewropa çempionynyň 4-5 aý toparyna kömegi degmez
4 ýylda 4 kubok (makala)
Aşgabatda “Türkmentel-2024” sergisi açyldy