Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: Beýik we güýçli Türkiýäni gurmaga dowam edýäris” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň dünýäniň we sebitiniň söweşleriň, çaknyşyklaryň, syýasy, ykdysady çökgünlikleriň, sosial çaýkanşyklaryň gysajynda agyr günlerden geçýän günlerinde Türkiýäniň ugruny gyşarnyksyz dowam etdirýändigini aýdandygyny ýazýar. “İndi ähli ugurda öz başyny çaraýan, ähli dostlaryna we doganlaryna goldaw berýän Türkiýe bar” diýen Erdogan, beýik we güýçli Türkiýäniň gurluşygynyň dowam etdirýäris” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Erdogan Saud Arabystanynyň mirasdüşer Şazadasy Salaman bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Saud Arabystanynyň mirasdüşer Şazadasy Muhammed bin Salman bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, saglyk ýagdaýyny barlatmak üçin hassahana baran Saud Arabystanynyň Şasy Salman bin Abdulaziziň saglyk ýagdaýy hakynda maglumat alandygyny we oňa ýagşy dileglerini ýetirip, şypa diländigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Telefon söhbetdeşliginde Türkiýe-Saud Arabystany gatnaşyklary hem-de sebitleýin meseleler boýunça pikir alyşyldy.

“Star” gazeti “Şweýsariýada terror ýaranlary saklandy” söz başyly habarynda, Şweýsariýanyň Basel şäherinde 8-nji maýda geçirilen 23-nji aprel Halkara çagalar festiwalynda gatnaşyjylara hüjüm edip, 6 adamy ýaralan ekstremist terror guramasy PKK-nyň ýaranlaryndan 5 sanynyň saklanandygyny ýazýar. Saklananlar hakynda jenaýat işi gozgaldy.

“Ýeni Şafak” gazeti “Milli goranmak ministrligi terrorizme garşy göreşiň egilşiksiz dowam etjekdigini habar berdi” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministrliginiň resmi sosial media hasabyndan berilen habarnamada terrorizme garşy göreşiň egilşiksiz dowam etjekdigini ngytaldy.

habarnamada "Hiç kim aladalanmasyn! ÝEwropanyň merkezinde çagalara hüjüm etjek derejede pespälleşen bäbek ganhorlaryna laýyk bolan jezasyny gorkudan gizlenýän hinlerine gönüden ýetirýäris. Ýiğitlerimiz, çagalarymyň göwnüne degmäge synanşan PKK terrorçylarynza zarba urmaga dowam eder” diýilýär.

“Sabah” gazeti “Türkiýe geçen 106 ýurda suw önümlerini eksport etdi” söz başyly habarynda, Oba we tokaý hojalygy ministrliginiň Balykçylyk hem-de suw önümleri baş müdiriniň orunbasary Mehmet Nuri Ýylmazyň Türkiýäniň deňizleriniň we suw serişdeleriniň suw önümleriniň önümçiligi taýdan möhüm potensiala eýedigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Ýylmaz “Türkiýe geçen ýyl 106 ýurda suw önümlerini eksport etdi” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmen wekiliýeti Özbegistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşar
Prezident Erdogan, Azerbaýjanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow Türkiýä Geldi
Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow Türkiýede Saparda Bolýar
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar