Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: “Erdogan BAE-ne sapar gurady” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň, düýn BAE-nyň ozalky Döwlet ýolbaşçysy Şeýh Halife bin Zaýed Al Nahaýanyň aradan çykmagy sebäpli Abu-Dabi şäherine sapar gurandygyny habar berýär. Erdogan saparynyň çäginde BAE-niň täze Döwlet ýolbaşçysy we Abu-Dabiniň Emiri Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýan bilen duşuşyk geçirdi.

Ýeni Şafak gazedi: “Baýraktar TB2 Ukrainada oýuny üýtgetdi” söz başyly habarynda, Russiýanyň takmynan 3 aý ozal başladan söweşde Ukrainanyň goşunynyň goranyş liniýasynda Türkiýäniň uçarmansyz howa ulagy TB2-niň öňe çykmaga dowam edýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Beýik Britaniýanyň metbugaty söweşiň başlan gününden bäri Ukrainanyň goranyş liniýasynda 800-den gowrak hüjümi amala aşyran Baýraktar TB2 sebäpli Russiýanyň goşunynyň kynçylyk çekýändigini beýan edýär.

Watan gazedi: “Şwesiýa we Finlýandiýa Türkiýe bilen bagly beýanat berdi” söz başyly habarynda, Finlýandiýanyň Prezidenti Sauli Niinistýonyň ýurdunyň NATO agzalygy we Türkiýäniň reaksiýasy bilen bagly: “Meseläni çözjekdigimize ynanýarys” diýen bolsa, Şwesiýanyň Premýer ministri Magdalena Anderssonyň: “Türkiýe bilen gepleşikler geçirip, ähli meseleleri çözmäge taýardyrys” diýendigini mälim edýär.

Sabah gazedi: “Türkiýe iri şahly we ownuk mallaryň sany boýunça ÝB-ne agza ýurtlardan geçdi” söz başyly habarynda, Ýewropanyň Statistika ofisiniň (Eurostat) berýän habaryna görä Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar bilen deňeşdirilende iri şahly we ownuk mallaryň sany boýunça lider ýagdaýdadygyny beýan edýär.

Star gazedi: “Ruslar ilkinji gezek öňde” söz başyly habarynda, ruslaryň Türkiýeden satyn alynan ýaşaýy jaýlaryň sanynyň köplügi boýunça aprel aýynda geçen ýylyň aprel aýyna garanyňda 186,6 göterim artyp 1152 sana ýetendigini we şeýlelik bilen Russiýanyň raýatlarynyň ýaşaýyş jaý satyn alan daşary ýurtlylaryň sanawynda ilkinji gezek öňdäki oruna geçendigini aýan edýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
BAE-niň wise-prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine sport welosipedini sowgat ýollady
Erdogan Gurban baýramy mynasybetli daşary ýurtly liderler bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Prezident Erdogan BAE-niň döwlet baştutany Al Nahaýany Gurban baýramy bilen gutlady
Türkmenistanyň wekiliýeti ADIPEC-2025 halkara nebitgaz sergisine we maslahatyna gatnaşdy
Prezident Erdogan Al Nahaýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi