Watan gazedi: "Erdogan: Türkiýe güýçli bir ýurt" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, Türkiýäniň indi syýasy we howpsuzlyk bilen bagly ileri tutýan ugurlaryny özüniň kesgitleýän we amala aşyrýan bir ýurtdygyny aýdandygyny habar berýär.
Erdogan: "Türkiýe güýçli bir ýurt. Ýurdumyza beren iň uly hyzmadymyz özüne bolan ynam we tutanýerlilik duýgusydyr.BMG-da ýurdumyzyň halkara arenadaky resmi adyny Turkey-den Türkiýä öwürmegimiz hem täze döwüriň simwollarynyň biridir" diýip belledi.
Haber Türk gazedi: "Italiýanyň Ankaradaky ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Italiýa ekstremist terror guramasy PKK-nyň hereketleri sebäpli biynjalyklygyny bildirendigini mälim edýär.Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä, Türkiýäniň Italiýanyň Rim şäherindäki ilçihanasynyň ozal eden tagallalaryna garamazdan, soňky gezek 2022-nji ýylyň 4-nji iýunynda Rim şäherinde ekstremist terror guramasy PKK-nyň simwollary we terror guramasynyň ýolbaşçysynyň suratynyň sergilenen ekstremist terror guramasy PKK tarapyndan geçirilen protestine biynjalyklygyň bildirilmegi maksady bilen Italiýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Jorjio Marrapodi düýn Daşary işler ministrligine çagyrylyp, oňa Türkiýäniň pozisiýasy we talaplary ýetirildi.
Türkiýäniň ekstremist terror guramasy PKK-nyň döwlet derejesine ýeten gara propogandasynyň, raýat jemgyýetçilik guramalary ady astynda alyp barýan işlerine we terror guramasynyň ýolbaşçysyna Italiýanyň häkimlikleri tarapyndan hormatly doktorlyk derejesi berilmegine biynjalyklyk bildirilen duşuşykda mundan başgada, terror guramasynyň we tarapdarlarynyň bular ýaly görnüşli aksiýalarynyň öňüniň alynmagy ugrundaky talap ýaňadandan bildirdildi, Italiýanyň hökümediniň terrora garşy göreş babatyndaky jogapkärçiligi ýatladylyp geçildi.
Star gazedi: "Türkiýeden energiýa göçümi" söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň: "Russiýa-Ukraina söweşiniň bir täsiri hökmünde ýewropaly dostlarymyzyň energiýa krizisinden has az täsir görmegi üçin tagalla edýäris.
Bu meselede esasan hem Azerbaýjan hem öz üstüne uly jogapkärçilik alýar" diýendigini aýan edýär. Çawuşogly logistika we energiýa meselelerini ele almak üçin Gazagystan we Türkmenistan bilen hem ýakyn wagtda üçtaraplaýyn maslahat geçirjekdiklerini beýan etdi.
Sabah gazedi: "Global azyk krizisini Türkiýe çözýär" söz başyly habarynda, Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli ýüze çykan azyk krizisiniň çözüwi üçin Türkiýäniň alyp baran diplomatiýasynyň netije berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Russiýanyň Izwestiýa gazedi, Türkiýe bilen Russiýanyň Ukraina degişli gallanyň portlardan çykarylmagy bilen bagly meýilnama boýunça ylalaşyk gazanandygyny ýazdy.Habara laýyklykda Ukrainanyň Odessa şäherindäki portdan galla önümleri bilen doldurylan gämileriň çykarylmagy babatynda Russiýanyň Türkiýe bilen wagtlaýyn meýilnamanyň üstünde ylalaşdy.
Hürriýet gazedi: "Germaniýanyň Daşary işler ministri Annalena Berbok: Türkiýe ýüz öwrülmesiz bir hyzmatdaşymyz" söz başyly habarynda, Germaniýanyň Daşary işler ministri Annalena Berbokyň Pakistan, Gresiýa we Türkiýe gurajak saparyndan öň beren beýanatynda, Türkiýäniň Germaniýa üçin ýüz öwrülmesiz bir hyzmatdaşdygyny belläp, Germaniýada millionlarça adamyň ýüreginiň Germaniýa we Türkiýe üçin urýandygyny beýan etdi.
