Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: "Erdogan: Günbatara ynanyp bolmaz diýdi" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, ABŞ-nyň Gresiýada guran bazalaryna nägilelik bildirip: "5+4 bazalar guruldy, näme gursaňyz guruň. Şol bazalary näme sebäpli gurduňyz diýip soran mahalymyz berýän jogaplary örän manysyz, ruslara garşy diýip aýdýarlar.

Bolýar ruslara garşy diýärsiňiz welin, Ukraina Russiýa garşy näme kömek berdiňiz, Ukrainanyň ýanynda durup bildiňizmi, Ukraina goldaw berip bildiňizmi? Ähli diýanleri ýalan.Bu Günbatara ynanyp bolmaz.Günbataryň alsaň ylymyny alyp bilersiň, sungadyny alyp bilersiň, emma syýasatda Günbataryň syýasatyna ynanyp bolmaz" diýendigini habar berýär.

Star gazedi: "Gresiýanyň Türkiýe bilen bagly karary" söz başyly habarynda, Gresiýanyň hökümediniň her gezeginde Türkiýäniň arkasynda iş edýändigini aýdan Prezident Erdoganyň, Izmirde bolan we 37 ýurdyň gatnaşmagynda geçirilen "EFES-2022" harby türgenleşikden soň, Gresiýanyň hökümediniň Türkiýä garşy hiç hili beýanat bermezlik barada karar kabul edendigini aýdandygyny mälim edýär.

Watan gazedi: "Erdogan: Saýlaw öňümizdäki ýylyň iýun aýynda geçiriler" söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň Prezident saýlawynyň öňümizdäki ýylyň iýun aýynda geçiriljekdigini aýdandygyny beýan edýär. Wan welaýatynda ýaşlar bilen duşuşyk geçiren Erdogan: "Saýlawyň senesi entek belli däl. Noýabr aýynda saýlaw geçirilmez. Saýlaw öňümizdäki ýylyň iýun aýynda geçiriler" diýip belledi.

Ýeni Şafak gazedi: "Stoltenberg: Türkiýäniň aladalary kanuny" söz başyly habarynda, NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenbergiň, Türkiýäniň terror bilen arasynda araçäk goýmaýan Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agza bolmagyna oňyn garamaýandygy bilen bagly: "Türkiýäniň terror howpundan NATO agza beýleki ýurtlardan has köp ýaramaz täsir görýändigini kabul etmelidiris. Türkiýäniň aladalary kanuny" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Sabah gazedi: "Öýlerine gaýdyp baran siriýalylardan çagyryş: Gorkmaň geliň" söz başyly habarynda, Siriýalylaryň Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan geçirilen operasiýa bilen saplanan Siriýanyň demiragzygyndaky sebitlere gaýdyp barmaga dowam edýändiklerini aýan edýär. 4 ýyl aradan soň Afrin welaýatynyň Şera etrabynyň Serinjek obasyndaky öýlerine gaýdyp baran Mehmet Horo Izettiniň we aýaly Resmiýe Halil Izettiniň: "Afrin biziňkidir.

Afrinliler öýleriňize gaýdyp geliň" diýip çagyryş berendiklerini habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Stoltenberg Ukraina Berilýän Goldawyň Artdyrylmagyny Isledi
NATO Ukraina Goşmaça Howa Goranyş Ulgamyny Bermegi Meýilleşdirär
Stoltenberg Ýarag Önümçiliginiň Artdyrylmagy Üçin Çagyryş Berdi
Ukraina Bir Million Dron Ugradylar
Stoltenberg Gruziýanyň NATO we ÝB-ne Agzalygyny Goldaýar
Stoltenberg: "Ukraina NATO-nyň düzümine girer, ol diňe wagt meselesi" diýdi
Wengriýa, Şwesiýanyň NATO Agzalygyny Tassyklady