Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: "Erdogan: Maksadymyz Putini we Zelenskiýni duşuşdyrmak" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, Türkiye hökmünde Russiýa-Ukraina söweşiniň parahatçylyk bilen netijelenmegi üçin her dürli tagallany edýändiklerini aýdandyklaryny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Iki ýurduň liderleri bilen gepleşikler geçirýändiklerini aýdan Prezident Erdogan: "Maksadymyz Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putini we Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiýni Türkiyede duşuşdyryp, krizisi düýbünden çözmekdir" diýip nygtady.

Watan gazedi: "Akar: Galla eksporty öňümizdäki günlerde has hem artar" söz başyly habarynda, Ukrainanyň portlaryndan dünýä bazarlaryna galla eksportynyň dowam edýändigini habar berýär. Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, 1-nji awgustdan bäri Ukrainanyň portlaryndan 721 müň 449 tonna galla eksportynyň amala aşyrylandygyny, öňümizdäki günlerde bolsa galla eksportynyň has hem artjakdygyny beýan etdi.

Star gazedi: "Borrel: Galla eksporty Türkiýäniň tagallasy bilen çözüldi" söz başyly habarynda, Ýewropa Bileleşiginiň Daşary gatnaşyklar we Howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Jozep Borreliň Türkiýäniň saýasynda Ukrainanyň portlaryndan galla geçelgesiniň açylandygyny bilinmeginiň gerekdigini aýdandygyny mälim edýär.

Borrel: "Ol ýerdäki gallanyň mukdary 20 million tonna.Eger dünýäde 20 million tonna galla, günebakar petiklenen bolsa, onda ol dünýädäki käbir adamlaryň iýmit iýip bilmejekdigi manysyna gelýär" diýip belledi.

Ýeni Şafak gazedi: "Nemesler çözgüdi Trabzonda tapdylar" söz başyly habarynda, Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky söweş sebäpli Ýewropanyň energiýa synagyndan geçýändigini aýan edýär.Esasan hem Germaniýa we Fransiýa ýaly ýurtlarda tebigy gaz ýetmezçilginiň başdan geçiriljekdigi çak edilýär.

Nemesler çözgüdi Trabzonda tapdylar.Trabzonda elektrik gyzydyrjy öndürýän firma, esasan hem Ýewropa ýurtlaryndan gelýän sargytlaryň artmagy sebäpli, gündelik 300 sany bolan önümçiligini 700 gyzydyryja ýetirdiler. Şwesiýa, Gollandiýa we Fransiýa deslapky sargytlary bermäge başladylar.

Hürriýet gazedi: "Türkiýä gelen syýahatçylaryň sany 53 göterim artdy" söz başyly habarynda, Iýul aýynda Türkiýä gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany geçen ýylyň iýul aýyna garanyňda 52,84 göterim artyp, 6 million 665 müň 129-a ýetendigini habar berýär.

Iýul aýynda Türkiýä iň köp syýahatçy ugradan ýurtlaryň sanawynda 1-nji 962 müň 3 adam bilen Germaniýa gelýän bolsa, 2-nji orunda 741 müň 419 adam bilen Russiýa Federasiýasynyň raýatlary, 3-nji orunda bolsa 545 müň 973 adam bilen Beýik Britaniýanyň raýatlary gelýär.

Beýik Britaniýadan soň nobat bilen Gollandiýa we Bolgariýa gelýär.

Ýene degişli makalalar

ÝÇL-iň saýlamasynyň pleý-off tapgyrynda deslapky duşuşyklar geçirildi
UEFA Çempionlar ligasynyň play-off tapgrynyň jogap duşuşyklary şu gün başlar
Çempionlar Ligasyna 27 ýyldan soň ilkinji gezek türk kluby gatnaşmaz
Ýewropa Ligasynyň bijeleri çekildi
Ýewropa ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň bijeleri çekildi
Ýewropa ligasynyň 2022/23 möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bijeleri çekildi