Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Adalary ýaraglardan saplamak hökmanydyr” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň hususy teleýaýlymlardan birinde beren beýannamasynda Gresiýanyň Egeýdäki adalara ABŞ-nyň sowutly ulaglaryny getirmegine ünsleri çekip; “Bu adalary ýaraglardan saplamak hökmanydyr” diýendigini ýazýar. Erdogan: “Biz ABŞ-dan Gresiýany ýalňyş hasaplara goşmazlygyny we halkara jemgyýetçiligini ýalňyş gönükdirmezligini tama edýäris” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “MHG Gresiýanyň meçew bermelerine reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen Milli howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden soň berilen beýannamada; “Gresiýanyň netijesiz tagallalaryna garşy milletimiziň bähbitleriniň goralmagy üçin ähli kanuny usullardan hem-de serişdelerden peýdalanmakdan çetde durmajakdygymyz nygtaldy” diýilýär.

“Haber Türk” gazeti “Dönmez: Hazaryň gündogary bilen günbatary birleşmeli” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň türki dilli döwletleriň arasynda elektrik, nebit we tebigy gaz boýunça özara baglanşygyň döredilmegi üçin iş alyp barmagyň möhümdigini hem-de Hazar deňiziniň gündogar bilen günbatarynyň hyzmatdaşlyk başlangyçlary netijesinde birleşip biljekdigini aýdandygyny ýazýar.

“Star” gazeti “THÝ Lufthansadan öňe geçdi” söz başyly habarynda, Türk howaýollarynyň soňky döwürde alýan baýraklarynyň nemes mediasynda giň seslenme döredendigine ünsleri çekýär. Germaniýanyň “Şpigel” gazeti bu barasyndaky habaryny “THÝ Lufthansadan öňe geçdi” söz başyly bilen berýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Antalýanyň howa menziline nemes we rus syýahatçylar gelmäge dowam edýär” söz başyly habarynda, Antalýada tomusky dynç alyşyň gutarandygyna garamazdan syýahatçy sanynyň rekord derejä ýetendigini ýazýar. Antalýanyň Gubernatory Ersin Ýazyjy şähere howa ýoly bilen gelen syýahatçy sanynyň 10,8 milliona barabardygyny beýan eden bolsa, Antalýanyň howa menzilinde nemes we rus syýahatçylarynyň köplügi ünsleri çekdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaç mazmuny