Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti, “Erdogan Gazagystan bilen edilýän hyzmatdaşlyga ünsi çekdi” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, Türkiýäniň Gazagystanyň durnuklylygyna we territorial bitewiligine goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtap, “Orta möhletde özara gatnaşyklarymyzy 10 milliard dollara ýetirmek üçin uly tagalla edýäris”diýen sözlerine ýer berýär.

“Hürriýet” gazeti, “Putin; Türkiýede tebigy gaz desgasyny gurup bileris” söz başyly habarynda Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň düýn beren beýannamasynda, Ýewropanyň tebigy gaz bilen üpjün edilmegi üçin Türkiýede uly tebigy gaz desgasyny gurup biljekdiklerine ünsi çekendigini ýazýar.

“Star” gazeti, “Biziň üçin esasy hyzmatdaş” söz başyly habarynda, ÝB Komissiýasynyň giňelmekden jogapkär agzasy Oliwer Warheýiniň, Türkiýäniň Ýewropanyň energetika howpsyzlygy üçin esasy we ynamdar tranzit ýurt bolmak bilen birlikde ÝB üçin esasy hyzmatdaşdygyna ünsi çekdigini mälim edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti, “Dünýäniň iň uly ýüzýän fabrigi Türkiýede öndürildi” söz başyly habarynda, Senagat we tehnalogiýa ministri Mustafa Warankyň, Türkiýede Ýalowa şäherinde öndürlen “dünýäniň iň uly ýüzýän fabrigi bolan balykçy gämisiniň, günde 450 tonna balygy tutup, arassalap we 4 sagatda balygy doňdurup bilýän tehnalogiýa taýdan uly gudratdygy hakyndaky sözlerini okyjylarynyn dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti, Türkiýäniň Hasabat guramasynyň görkezijilerine görä, awgust aýynda senagat önümçiliginiň aýlyk 2,4, ýyllyk bolsa 1 göterim artandygyny habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny