Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: Diýarbakyr indi asudalygyň şäheri” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň terrordan saplanan Diýarbakyryň indi asudalygyň şäheridigini aýdandygyny ýazýar.Diýarbakyryň asuda bolmagy üçin Yragyň, Siriýanyň we sebitiň asuda bolmalydygyny nygtan Erdogan; “Biz ýurdumyzy gündogardan günbatara, günortadan demrigazyga asudalyk adasyna öwürmek üçin tagalla edýäris.

Ony terror guramalary we olaryň uýanlaryny ellerinde tutýan imperialistler bökdäp bilmezler” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Erdogan, Diýarbakyr aneleri bilen duşuşdy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Diýabarkyr welaýatyna guran saparynyň çäginde ekstremist terror guramasy PKK tarapyndan daga alynyp gidilen çagalary üçin “ogul nobatyna duran” Diýarbakyr eneleri bilen duşuşandygyny ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “TOGG üçin sanalgyja gün galdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýerli awtoulagyny öndürjek “TOGG” zawodunyň açylmagyna sanalgyja günüň galandygyny mälim edýär. “TOGG-uň” 29-njy oktýabrda Gemlik desgasy açylar.

Türkiýäniň Biržalar we söwda birleşmeleri bileleşiginiň Başlygy Rifat Hisarjyklyogly sosial media hasabyndan “TOGG” hakynda habarnama berip; “29-njy oktýabrda zawoddan has uly artykmaçlyklara eýe bolan “TOGG” desgamyzy açýarys” diýip ýazdy.

“Star” gazeti “Grek metbugat: Biz goranyş senagatynda Türkiýeden yzda” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýaragly uçarmansyz howa ulaglary, “TJG Anadlu” amfibiýa hüjüm gämisi, “Taýfun” raketasy, “Atak” dik uçary ýaly ýerli ýaraglaryna gyzyklanma bildiren grek metbugatynyň türk goranyş senagatynyň ýokary depginde ösýändigine ünsleri çekýändigini ýazýar.

Resmi Afynynyň Türkiýe bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny ýazýan grek metbugaty; “Soňky ýyllarda dowam edýän satyn aluw we ýarag maksatnamalaryna garamazdan goranyş senagaty gynansagam Türkiýeden yzda” diýip mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Ýerli we milli goranyş senagaty dünýä tanyşdyrylar” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýalar ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen habarnamada, “Saha Stambul” tarapyndan 25-28-nji oktýabryň aralygynda geçiriljek 57 ýurtdan 390 daşary ýurtly we 567 ýerli firmanyň gatnaşmagynda “SAHA Expoda” türk goranyş, awiasiýa we kosmos senagatynyň iň täze önümleriniň sergilenjekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Çanakgala Ýeňişine 109 Ýyl Doldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny