Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Goranyş senagaty pudagy “Türkiýe Asyrynyň” esasy ugurlaryndan biri bolar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Goranyş senagaty edarasynyň döredilen gününiň 37 ýyllygy mynasybetli çap eden ýüzlenmesinde; “Türkiýe şu günki günde soňky ýyllarda goranyş pudagynda eden başlangyçlarynyň saýasynda sebitinde güýçli pozisiýa eýeleýän ýurda öwrüldi.

Goranyş senagatynda eýe bolan taryhy depginimizi maksatlarymyza ýetmek arkaly çarpaýa galdyrarys.Goranyş senagaty pudagy “Türkiýe Asyrynyň” esasy ugurlaryndan biri bolar” diýendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Dünýä markasy “Wolwonyň” ata watanynda “TOGG” hakynda öwgüli sözler” söz başyly habarynda, dünýäniň belli awtoulag markasy “Wolwonyň” öndürijisi Şwesiýada Türkiýäniň ýerli awtoulagy “TOGG” hakynda makalalaryň çap edilýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Şwesiýada çap edilýän “Expressen” gazetiniň makalasynda bazarlara çykaryljak täze elektrik togy bilen işleýän “TOGG” markaly awtoulagyň ünsüni Ýewropa gönükdirendigi nygtalyp; “Türkiýede satuwa çykarylmagyndan 15-18 aý soň Ýewropa eksport edilmäge başlanar” diýilýändigini mälim edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Oba hojalyk pudagynda eksport artdy” söz başyly habarynda, oba hojalyk pudagynyň ähli döwürleriň iň ýokary ýanwar-oktýabr aralygyndaky eksportuny amala aşyryp, 27,5 milliard dollarlyk eksport edendigine ünsleri çekýär.

“Sabah” gazeti “THÝ Germaniýany ýakyndan gyzyklandyrýar” söz başyly habarynda, merkezi Britaniýada ýerleşýän “Skýtrax” guramasy tarapyndan berilýän “Dünýäniň howaýollary baýraklarynyň” sanawynda Türk howaýollarynyň üstünligini “THÝ, Lufthanadan öňe geçdi” sözleri bilen okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetiren nemes metbugatynyň iki kompaniýany deňeşdirendigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Amasrada tylsymly möhür tapyldy” söz başyly habarynda, Bartyn welaýatynyň Amasra etrabynda alynyp baryluan gadymy Amastris şäherindäki halas ediş gazuw agtaryş işlerinde müsürlilere degişlidigi çaklanylýan amulediň tapylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Halkara ulgam, uly ykdysady çökgünligi başdan geçirýän Müsüre goldaw berýär.
Leningradyň goranyş we gabaw muzeýinde türkmenleriň şäheri nädip gorandygy gürrüň berler