Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: Terrorizme ýol ýok” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň ýekşenbe güni Yragyň we Siriýanyň demirgazygyna ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-ä garşy başladylan “Penje-Gylyç” operasiýasynda degişli çäräniň görülendigini we mundan beýläk hem görüljekdigini aýdandygyny ýazýar. Erdogan terrorizme garşy asla egilşik etmejekdiklerini beýan etdi.

“Sabah” gazeti “Penje-Gylyç” operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň “Penje-Gylyç” operasiýasynda 184 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini beýan edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. “Terrorçylar üçin hasabat wagty” diýen Akar, “Ozal edenleri bilen birlikde geçen hepde Stambulda düýn hem serhet ýakasyndaky Önjüpynarda we Karkamyşda eden pespällikleriniň ählisiniň hasabyny sorarys” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Altunyň Karkamyş hakynda beýanaty: Hasabyny sorarys” söz başyly habarynda, Gaziantep welaýatynyň Karkamyş etrabyna guralan raketaly hüjüm boýunça beýannama beren Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altunuň: “Bigünä adamlara hüjümlerini dowam etdirýän terror guramasy ÝPG/PKK-nyň hüjümlerine garşy howpsuzlyk güýçlerimiz essesi bilen garşylyk görkezýär. Soňky terrorçy ýok edilýänçä operasiýalarymyz dowam eder” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “Şwesiýanyň üns çekiji beýanaty” söz başyly habarynda, Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda terror guramasyny ýok etmek üçin Türkiýäniň başladan “Penje-Gylyç” harby howa operasiýasy hakynda beýannama beren Şwesiýanyň Daşary işler ministri Tobias Billstrýomyň “Türkiýe terror hüjümlerine sezewar bolýan ýurt we terror hüjümlerine sezewar bolýan döwletleriň özüni gorama hukugy bardyr” diýendigi ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Stoltenberg: Erdogan möhüm pozisiýa eýeledi” söz başyly habarynda, NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenbergiň Türkiýäniň we Prezident Erdoganyň galla eksporty hakynda ylalaşygyň möhletiniň uzaldylmagynda we ýesirleriň çalşygynda iňňän möhüm hem-de güýçli pozisiýa eýeländigini beýan edendigine ünsleri çekýär.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan NATO-nyň maslahatyna gatnaşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Milli Howpsuzlyk Geňeşi Prezident Erdoganyň Ýolbaşçylyk Etmeginde Maslahat Geçirdi
"Türkiyäniň we sebitiň geljeginde terroryň ýeriniň ýokdugyny hemmelere görkezmekde tutanýerlidiris"
Hakan Fidan Belgiýa gitdi
Daşary Işler Ministri Hakan Fidan NATO-nyň Maslahatyna Gatnaşar