Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "Prezident Erdogan: Gury ýerden hem terrorçylara garşy operasiýa geçireris" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, düýn Adalat we ösüş partiýasynyň TBMM-däki topariçi maslahatynda söz sözländigini habar berýär.

Prezident Erdogan terrorçylaryň Siriýadaky we Yrakdaky ýerlerine garşy Türkiyäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan başladylan "Penje-Gylyç" operasiýasynyň üstünde durup geçip: "Uçarlarymyz bilen, toplarymyz bilen, uçarmansyz howa ulaglarymyz bilen geçriýän operasiýalarymyz diňe başlangyçdyr" diýip belledi.

Erdogan: "Siriýanyň Tel Ryfat, Manbij we Aýn Al Arab sebitlerini arassalarys.Howa operasiýamyzy arakesmesiz dowam etdirmek bilen birlikde, biziň üçin iň amatly bolan wagtda gury ýerden hem terrorçylara garşy operasiýa başladarys.

Beton tunelleriniň mazarlary ýagdaýyna öwrüljek gün golaýlap gelýär.Yragyň we Siriýanyň dolanşyklary Türkiyäniň operasiýa geçirýän ýerlerine aladalanmasynlar.Edýän ädimlerimiz Yragyň we Siriýanyň territorial bütewiliklerini hem kepillik astyna alar" diýip belledi.

Star gazedi: "Ministr Akar: Türkiyäniň Ýaragly güýçleri bilen oýun oýnamaly däldigine göz ýetirerler" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň: "Penje-Gylyç operasiýasy howadan we gury ýerden amala aşyrylýan jeza atyşlary bilen dowam edýär.

Häzire çenli 471 ýer nyşana alyndy. 254 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.Türkiyäniň Ýaragly güýçleri bilen oýun oýnamaly däldigine göz ýetirerler" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Sabah gazedi: "Milli söweş uçarynda soňky tapgyr" söz başyly habarynda, Goranyş senagaty edarasynyň başlygy Ismail Demiriň, Milli söweş uçary bilen baglanşykly düýn Twitterden beren beýanatynda, uçarda soňky taogyra gelinendigini we ýakyn wagtda angardan çykjakdygyny aýdandygyny mälim edýär.

Haber Türk gazedi: "OECD Türkiyäniň ykdysadyýetiniň şu ýylyň ahyrynda 5,3 göterim ösüş etmegine garaşýar" söz başyly habarynda, Ykdysady hyzmatdaşlyk we galkynyş guramasy (OECD) Türkiýäniň ykdysadyýetiniň şu ýylyň ahyrynda 5,3 göterim, öňümizdäki ýyl bolsa 3 göterim ösjekdigini çak edýändigini beýan edýär.

Watan gazedi: "Ministr Muş aýan etdi: 2021-nji ýylda 225 milliard dollardan geçdi" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Söwda ministri Mehmet Muşyň: "Düýn eksportymyz 2021-nji ýyldaky jemi eksport görkezijimiz bolan 225,2 milliard dollardan geçdik. Ýurdumyz üçin düşümli bolsun" diýendigini aýan edýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Ukraina Partiot Howa Goranyş Ulgamyny Bermek Boýunça Meýilnamamyz Ýok”
Germaniýa Ukraina Howa Goranyş Ulgamlaryny Berer