Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: "Erdogan: Goranyş eksportymyz rekord derejä ýetdi" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, Türkiýäniň goranyş senagatynyň eksportynyň geçen ýyl, 4 milliard 400 million dollar bilen rekord derejä ýetendigini aýdandygyny habar berýär. Erdogan: "Şu ýyl milli harby uçarymyzy angardan çykararys. Dünýäniň ilkinji ýaragly uçarmansyz howa ulag gämisi boljak Anadoly gämisi hem şu ýyl ulanylmaga beriler" diýip belledi.

Watan gazedi: "Milli harby uçaryň ilkinji uçuşy öňe çekildi" söz başyly habarynda, Milli harby uçaryň garaşylan möhletden ir tamamlanandygyny mälim edýär. Uçuşyň 2025-nji ýylda meýilleşdirilendigini, emma öňe çekilendigini aýdan Türk awiasiýa älem senagaty edarasynyň Baş müdüri Temel Kotil: "Milli harby uçar 2023-nji ýyly ahyrynda uçar" diýdi.

Ýeni Şafak gazedi: "Türkiyeden ABŞ-na eksportda rekord goýuldy" söz başyly habarynda, Türkiyäniň ABŞ-na amala aşyran eksportynyň geçen ýyl 14 milliard 362 million dollar bolup, Türkiýeden ABŞ-na 1 milliard 520 million dollarlyk eksport artyşynyň hasaba alynandygyny beýan edýär. ABŞ Russiýadan soň geçen ýyl Türkiyäniň iň köp eksport ýerine ýetiren 2-nji ýurdy boldy.

Sabah gazedi: "TOGG-a dünýäniň ençeme ýurdundan teklip gelýär" söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warankyň, ABŞ-da dünýäniň iň uly Sarp ediji elektronika sergisi CES 2023-de sergilenýän Türkiýäniň elektrik tokda işleýän awtoulagy TOGG-yň stendine baryp görendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

TOGG-a dünýäniň ençeme ýurdundan talap gelendigini aýdan Mustafa Warank: "Orta Aziýadan, Ýakyn Gündogardan, Ýewropadan, Afrikadan häzirki wagtda bize talap bildirildi, şol ulagy biz nädip alyp bileris, biz şol ulagyň kärhanasynyň şahamçysy bolmak isleýäris diýip.

Satuw modelleri bilen, gollanmalary bilen nusga boljak bir taslama" diýip mälim etdi.

Star gazedi: "Dünýäniň ägirdinden milliard dollarlyk karar" söz başyly habarynda, Hytaýyň elektron söwdä ägirdi Alibabanyň, Türkiyede 1 milliard dollardan gowrak maýa goýum amala aşyrmagy meýilleşdirýändigini aýdandygyny aýan edýär. Alibaba-nyň ýolbaşçysy Mişel Ewans: "Türkiýede uly önümçilik güýji bar. Bu nukdaýnazardan Türkiýe dünýäde iň amatly ýurt" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Halkara ulgam, uly ykdysady çökgünligi başdan geçirýän Müsüre goldaw berýär.
Sankt-Peterburg şäherinde Türkmenler Leningradyň goragynda atly çäre geçirildi
Durna tansy
Leningradyň goranyş we gabaw muzeýinde türkmenleriň şäheri nädip gorandygy gürrüň berler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Erdogan Potratçylar birleşiginiň baýrak gowşurylyş dabarasynda çykyş etdi
ABŞ Polşa dikuçar satar