Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: Galla geçelgesi hakyndaky ylalaşykda Türkiýäniň üstünligi hemmeleriň dilinde” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň hususy teleýaýlymlardan birinde Gara deňiz Galla geçelgesi hakyndaky ylalaşygy barasynda; “Russiýa-Ukraina söweşinde töwellaçy ýurt hökmünde häzirki wagtda üns merkezinde durýan ýeke-ýäk ýurt Türkiýe.

Biz onsuz hem dünýäde bu meselede ykrar edildik.Gara deňiz Galla geçelgesi hakyndaky ylalaşykda Türkiýäniň üstünligi hemmeleriň dilinde” diýendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Türkiýe Ysraýyly ýazgardy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginiň Ysraýylyň Gaza sektorundan çekilmeği we Günbatar Şeriýada käbir bikanun ilatly ýerleriň boşadylmagy hakyndaky kanuny bes edilmegi boýunça üýtgetme girizmegini ýazgarandygyny mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Türk deňiz güýjüniň kuwwatyna kuwwat goşar” söz başyly habarynda, Türk goranyş senagatynyň öňbaşçy firmalaryndan biri bolan “ASEALSAN-yň” suwasty goranyş ulgamlaryndaky tejribesi bilen Türk deňiz güýçlerine suwuň aşagyndan nyşana tarap gizlinlik bilen öňe gidýän “awtonom suwasty ulagyny” öndürendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Stambul howa menziline yzly-yzyna üçünji baýrak” söz başyly habarynda, Stambul howa menzilinin dünýäniň awiasiýa pudagynyň belli neşirlerinden biri bolan “Air Transport Awards” baýraklarynda 2021-nji we 2022-nji ýyllardan soň şu ýyl hem “Ýylyň howa menzili” baýrağyna laýyk görülendigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Mesut Özil futboly goýandygyny beýan etdi” söz başyly habarynda, 2021-nji ýylda Britaniýanyň Premýer ligasyndaki komandasy Arsenaldan Fenerbahçä geçen we soňky gezek Başakşehirde oýnan Mesut Öziliň futboly goýandygyny janköýerleriniň dykgatyna ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Stambul howa menzili Ýylyň howa menzili hökmünde saýlandy
Trendýol Super Liganyň 26-njy hepdesi tamamlandy
Trendýol Super Liganyň 25-nji hepdesi tamamlandy
Trendýol Super Liganyň 7-nji hepdesi tamamlandy
Trendýol Super Liganyň 6-njy hepdesi tamam boldy