Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Şimşek durnuklylyga we ynama ünsleri çekdi” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşegiň “Türk lirasynň durnukly we howpsuz bolmagy, dollarizasiýa belasyndan halas bolmak üçin iň neticeli çözgüt” diýendigini ýazýar. Ministr Şimşek; “Türkiýe Asyrynyň” esasy pelsepesi üç adalgada cemlenýär: Durnuklylyk, ynam, durnuklylyk” diýdi.

“Watan” gazeti “Merkezi bankyň cemi ätiýacy artdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Merkezi bankynyň Hepdelik pul we bank görkezicilerini çap edendigini okycy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Şuňa laýyklykda Merkezi bankyň cemi ätiýacy 16-ncy iýun bilen gutaran hepdede 3 milliard 18 million dollar artyp, 102,8 milliard dollara barabar boldy.

“Haber Türk” gazeti “Fiçiň çaklamasy; Türkiýe gelcek ýyl 3 göterim ösüş eder” söz başyly habarynda, Halkara kredit derecelendiriş guramasy “Fiç Reýtingiň” Türkiýäniň üstümizdäki ýyla degişli ösüş çaklamasyny 2,5 we gelcek ýyl üçin bolsa çaklamalary 3 göterim diýip kesgitländigini ýazýar. Habarnamada 2025-nci ýyl üçin 3,8 göterim ösüşiň çaklanylýandygyna üns çekilýär.

“Star” gazeti “Türkiýäniň maksady 60 million syýahatçy” söz başyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýuň; “2023-nci ýyl üçin 60 million syýahatçy we 56 milliard dollar girdeci maksadymyz dowam edýär. Bularyň ýany bilen 2023-nci ýylda Türkiýeden ýene-de birnäçe destinasiýany “Mişelin sanawyna goşmak isleýäris” diýen sözlerini çap edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe ylymda we tehnologiýada başga ýurtlara görelde boldy” söz başyly habaryda, Türkiýäniň esasanda ylymda we tehnologiýada üstünliklerini artdyrandygyny aýdan Türkiýäniň Ylmy we Tehnologik Balarlag Guramasynyň Başlygy Professor Hasan Mandalyň ÝB Komissiýasynyň Türkiýäniň bu üstünliginiň aç-açan görülýändigini we başga ýurtlara hem görelde bolýandygyny aýdandygyny okycy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk mertbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär
Türki döwletleriň gün tertibinde esasy orun eýeleýän wakalar