Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Ünsler Erdoganda” söz başyly habarynda, Gresiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň Prezident R. T. Erdoganyň diplomatik saparlary bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny ýazýar.

ERT Nýusda berlen habarda Erdoganyň iýul aýynyň 11-12-i aralygynda Liwtanyň paýtagty Wilnýusda geçiriljek NATO-nyň liderler maslahatyna gatnaşjakdygy, Kataryň we Birleşen Arap Emirlikleriniň başda durmagynda Aýlag ýurtlaryna sapar gurajakdygy, sentýabr aýynda hem BMG-nyň Baş Assambleýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-na gitjekdigi nygtaldy.

“Star” gazeti, “Türkiýäniň reaksiýasy sebäpli Şwesiýa degişli çäreleri görýär” söz başyly habarynda, NATO agza bolmak üçin ýüz tutan emma Türkiýäniň garşy tutumy sebäpli gurama agza bolup bilmeýän Şwesiýanyň, paýtagt Stokgolmda Gurhanyň ýakylmagyndan soň degişli çäreleri görmek üçin işe girişendigini mälim edýär.

Şwesiýanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Gurhanyň ýurda gelen daşary ýurtly tarapyndan ýakylandygyna üns çekildi we şuňa meňzeş aksiýalaryň öňüniň alynmagy üçin gümrük geçelgelerinde degişli çäreleriň görlendigi nygtaldy.

“Sabah” gazeti “Türkiýe älem giňişliginde-de ösüş eder” söz başyly habarynda, Amerikanyň Milli awiasiýa we kosmos edarasy (NASA) tarapyndan 11 ýyldan bäri guralýan “Spaýs Apps Çellenjer-Halkara Kosmos Tejribeleri” bäsleşiginiň şu ýylky hyzmatdaşlaryndan biriniň Türkiýäniň Kosmos gullugy bolandygyny ýazýar. Senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyr “Kosmos tehnologiýalaryna goýulýan maýanyň mukdary artdyrylar” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Rekordlaryň goýulan baýramy” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraoglunyň Antalýa we Trabzon howa menzilleriniň Gurban baýramynda ähli döwürleriň ýolagçy sany boýunça rekorduny goýandygyny aýdandygyny mälim edýär. Ministr Uraloglu; “Bu baýramçylyk rekordlaryň goýulan baýramy boldy. Edilen işleriň netijesini alýarys. Maýa goýumlarymyz we hyzmatdaşlarymyz hasam artar” didi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Jiloda terror ýok, festiwal bar” söz başyly habarynda, Hakkariniň daglarynyň terror guramasy PKK-dan saplanandygyny, şäherde asudalygyň höküm sürýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.Milli seýilgäh diýip yglan edilen 4,135 metr belentlige eýe Jilo daglarynda we Sat aýsberg köllerinde asudalygyň üpjün edilmegi saýasynda medeniýet, sungat we sport çäreleri guraldy. Şu ýyl 5-njisi guralan Jilo Feste müňlerçe adam gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

6-njy maý Türkmenistanyň esasy habarlary
ABŞ-nyň Resmisi Türkiýä Sagbolsun Aýtdy
ABŞ-nyň Prezidenti ähli musulmanlary Oraza baýramlary bilen gutlady
BMG Tarapyndan Idlibe 73 Konteýnerlik Ynsanperwer Kömegi Ugradyldy
Jo Baýdeniň 2021-nji ýylda gazanan girdejisi belli boldy
BMG Tarapyndan Idlibe Ynsanperwer Kömegi Ugradyldy