Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Milli howpsuzlyk geňeşi Afrika ünsleri çekdi” söz başyly habarynda, Milli howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden soň berilen ýazmaça beýannamada Afrikada başdan geçirilýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanylýandygy, materigiň meselelerini iň ýerlikli çözgütleriň diňe materigiň eýeleri tarapyndan tapyljakdygynyň nygtalandygyny ýazýar.

“Star” gazeti “Gorkmaga we howsala düşmäge başladylar: Türklerden yzda galarlar” söz başyly habarynda, türk goranyş pudagy hakyndaky üns çekiji beýanatlary bilen gün tertibine gelen grek alypbaryjysy Ýannis Teodoratosyň Ýewropa üçin gelýän howpy, gorky we howsala bilen ekranlara getirendigini mälim edýär.

Türk goranyş senagatynyň üstünlikli ösüşine ünsleri çeken grek alypbaryjy; “Pariž deňagramlyga gözegçilik etmese, 2025-nji ýylyň ahyryna çenli Ýewropanyň ýarag senagaty türklerden yzda galar” diýdi.

“Sabah” gazeti “Abdulhamid Han gämisiniň täze işi” söz başyly habarynda, flota goşulmagyndan bäri bir ýyl geçen “Abdulhamid Han” burawlaýyş gämisiniň Ortaýer deňizindäki täze gözleg ýerine ugradylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň “Abdulhamid Han” gämnisiniň täze işine girişendigini beýan etdi.

“Haber Türk” gazeti “OEJD Ýewraziýa tuneline “ekolog” baýragyna laýyk gördi” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura minstri Abdulkadir Uraloglunyň Ykdysady ösüş we hyzmatdaşlyk guramasynyň (OEJD) Ýewraziýa tünelini “ekolog” baýragyna laýyk görmeği hakynda, “Bu baýrak taslamamyzyň daşky gurşawa ünslüligini we geljek nesillere galdyryljak güýçli infrastrukturanyň görkezijisidir” diýen sözlerini çap edýär.

“Hürriýet” gazeti “Ýüzüji Aýsu Türkogly adyny taryha ýazdyrdy” söz başyly habarynda, Bodrumly 22 ýaşly açyk suw ýüzüjisi Aýsu Türkoglynyň Manş denizinden soň Demirgazyk kanalyny hem ýüzüp geçip, adyny taryha ýazdyrandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Türkogly Demirgazyk kanalyny geçen ilkinji türk zenany we ýaş türk türgeni derejesine hem eýe boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri Şelkunçik film-baletine çagyrýar
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (29-njy bölüm)
Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana sapary, Aşgabatdaky K-pop festiwaly süýşürildi, howanyň +46° çenli gyzmagyna garaşylýar we beýleki habarlar
Şarapowanyň ogly dünýä indi
“Ýüzükleriň hökümdarynyň” awtory birinji orny eýeledi
Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Hytaýa barar, Aşgabatda Rus kinosynyň hepdeligi dowam edýär, Türkmenistanda 2023-nji ýylda doglan ilkinji çaga Bagtyýar diýlip at goýuldy we beýleki habarlar