Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: "Erdogan: Krymyň anneksiýasy bikanundyr" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, 3-nji Krym platformasy Liderler sammitine wideo ýüzlenme ugardandygyny habar berýär. Erdogan wideo ýüzlenmesinde, Krymyň Russiýa tarapyndan anneksiýa edilmegini kabul etmeýän Türkiyäniň, bu ädimiň bikanundygyny ilkinji günlerden bäri aýdandygyny belläp: "Ukrainanyň territorial bütewiliginiň we özygtyýarlylygynyň tarapdarydyrys" diýip belledi.

Star gazedi: "Kurtulmuş: Türkiye hemişe Kipr türkleriniň ýanynda bolar" söz başyly habarynda, TBMM-niň başlygy Numan Kurtulmuşyň: "Türkiye DKTR-nyň ykrar edilmegi we özygtyýarlylyk hukuklary babatynda hemişe Kipr türkleriniň ýanynda bolar" diýendigini mälim edýär. Kurtulmuş halkara arenada DKTR-nyň ykrar edilmegi bilen baglanşykly işleri geçirmäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

Sabah gazedi: "Amerikaly hünärmeniň haýran galdyryjy teswiri: Türkiye älemiň merkezinde" söz başyly habarynda, ABŞ-nyň möhüm pikir merkezleriniň biri bolan "Heritage Foundation"-yň hünärmenleriniň biri bolan Jeýms Karafanonyň uly güýç bäsdeşliginiň esasy front ýagdaýyndaky Günbatar Ýewropa, Demirgazyk Afrika, Ortaýer deňizi, Ýakyn Gündogar, Orta Aziýa we Hindi-Ýuwaş Umman sebitlerinde parahatçylyk we asudalyk üçin Türkiyäniň esasy özeni bolup durýandygyny belläp: "Türkiye älemiň merkezinde" diýendigini beýan edýär.

Watan gazedi: "Stambulda ofis rekordy döwüldi" söz başyly habarynda, Stambulyň ofis bazarynda dolulyk derejesiniň 84,9 göterime çenli ýokarlandygyny we soňky 10 ýylyň rekord derejesine ýetendigini aýan edýär.

Hürriýet gazedi: "Türk syýahatçylyk pudagyndaky ösüş dünýä görkezijilerinden geçer" söz başyly habarynda, Türkiyäniň syýahatçylykda sanalgyja ýurtlaryň biri bolmaga dowam etjekdigini belleýär. Türkiyäniň Myhmanhanalar bileleşiginiň başlygy Müberra Eresin: "Türkiyäniň ýerleşdirme pudagy başda bolmak bilen hyzmatlar pudagyndaky hilini bütin dünýä bilýär. Wariasiýa taýdan hem möhüm bir sepgitdediris" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Ukraina Krym Köprüsini Ýykmak Isleýär
Blinken, Russiýanyň Krym Tatarlary Boýunça Syýasatyny Berk Ýazgardy
Ukraina Kryma uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm gurady
Russiýa Ukraiandaky karar kabul ediş merkeziniň ýok edilendigini aýtdy
Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär
Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär