Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Watan gazedi: "Ministr Fidan: PKK wirusyny Yrakdan arassalarys" söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň: "Terror belasyny ýok etmek üçin entek etjek köp işimiz bar. Türkiyede şol meseläni umuman alanyňda durmuşa geçirdik. Häzirki wagtda Yragyň topraklarynda PKK terrory özüni gizleýär. Bu wirusy nesip bolsa Yrakdan ählimiz bilelikde arassalarys" diýendigini habar berýär.

Sabah gazedi: "Türkiye umumy harby türgenleşige nägilelik bildirdi" söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, ABŞ-nyň terror guramasy PKK/ÝPG bilen Siriýanyň demirgazygynda geçiren umumy harby türgenleşik bilen baglanşykly: "Dost we hyzmatdaş ýurtdan tamamyz: PKK/ÝPG terror guramasyna berilýän kömekleriň we goldawlaryň bes edilmegi we terrora garşy göreşimize goldaw berilmegidir" diýendigi mälim edildi.

Hürriýet gazedi: "Daniýaly diplomat 5-nji gezek Daşary işler ministrligine çagyryldy" söz başyly habarynda, Musulman ýurtlaryň ilçihanalarynyň öňünde mukaddes kitabymyz Gurhanyň ýakylmagy bilen bagly aksiýalara dowam edilmegi sebäpli Daniýanyň Ankara şäherindäki ilçihanasynyň wekili ýaňadandan Daşary işler ministrligine çagyrylandygyny beýan edýär.

Star gazedi: "BMG-nyň resmisi türk žurnalistiň Kipr bilen bagly soragyna jogap bermedi" söz başyly habarynda, BMG-nyň Kiprde Kipriň Grek böleginiň dolanşygynyň ara zolakda eden düzgün bozmalaryny reaksiýa bildirmeýän bolsa, DKTR-nyň ynsanperwer taslamasy bolan Pile-Ýigitler ýolunyň gurluşygyna näme sebäpli päsgel bermäge synanyşýandygyny we taraplara näme sebäpli tapawutly çemeleşmeler edýändigini düşündirmändigini habar berýär.

Haber Türk gazedi: "Türkiye ýylyň ilkinji ýarymynda 4,8 milliard dollar halkara maýa goýum kabul etdi" söz başyly habarynda, Türkiyä şu ýylyň ilkinji 6 aýynda 4,8 milliard dollar derejesinde halkara gönüden maýa goýumyň amala aşyrylandygyny aýan edýär. Öňümizdäki 6 aýda azyndan 7,1 milliard dollar derejesinde goşmaça maýa goýumlaryň boljakdygy çak edilýär.

Ýene degişli makalalar

Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
“PKK/ÝPG-ny Ýakynda Sebitden Kowup Çykararys”
Terrora Uly Zarba Urulýar
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Türkiýe Bilen Şwesiýa Terrora Garşy Göreş Meselesini Ara Alyp Maslahatlaşdy
PKK-ly 6 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi