Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti, “Woleýbolçy gyzlar Ýewropanyň çempiony” söz başyly habarynda, Türkiýäniň milli ýygyndy zenan woleýbol komandasynyň, 2023 CEW Ýewropa çempionadynyň final bäsleşiginde Serbiýany 3-2 hasabynda ýeňip çempion bolandygyny ýazýar.

Ýewropanyň iň güýçli komandasy hökmünde taryhda öçmejek yz galdyran Türkiýäniň milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy, ilkinji gezek Ýewropanyň çempiony boldy.

“Ýenişafak” gazeti, “Fidan: Kerkugyň durnuklylygy, asudalygy we bitewiligi biziň üçin möhüm” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň, Kerkukda başdan geçirlen wakalar meselesinde beren beýanamasynda, “Yragyň esasy halky bolan türkmenleriň ene ýurdy Kerkuk şäherinde başdan geçirilýän wakalara uly alada bildirýäris.

Kerkugyň durnuklylygy, asudalygy we bitewiligi biziň üçin diýseň möhüm.Yrakly ýolbaşçylar şäherdäki PKK-ly terrorçylara ýok etmeli” diýen sözlerine ýer berýär.

“Habertürk” gazeti, “Ministr Baýraktar, Ysraýylly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň, ysraýylyň Energetika ministri Katz bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýazýar. Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde tebigy gaz pudagynyň başda durmagynda özara we sebitara hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdy.

“Star” gazeti, “Arça balyndan soň nobat ary önümlerinde” söz başyly habarynda, dünýäde bal önümçiliginde 92 göterimlik paýa eýe bolan Türkiýäniň arça balyndan soň ary süýdi we poleni ýaly önümleri hem eksport etjekdigini habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny