Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti, “Fidan, Afrika bilen edýän hyzmatdaşlygymyz gün saýyn artýar” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň, Alžiriň Daşary işler ministri Ahmed Attaf bilen bolan duşuşygyndan soň beren beýannamasynda “Türkiýe hökmünde soňky 20 ýylda Afrika başlangyjyny ähli taraplaýyn dowam etdirýäris. Hyzmatdaşlaryklarymyz gün saýyn artýar” diýen sözlerine ýer berýär.

“Ýenişafak” gazeti, “Stoltenberg: Türkiýäniň edýän tagallasyna kanagatlanma bildirýäris” söz başyly habarynda, NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltebergiň, Ýewropa Parlamentinde eden çykyşynda, “Türkiýäniň galla ylalaşygynyň dowam etdirilmegi üçin edýän tagallasyna kanagatlanma bildirýäris” diýen sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti, “150 milliard kub metrlik tebigy gaz” söz başyly habarynda, Energetika we tebigi serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň, “Türkiýe tebigy gazda 2028-nji ýyla çenli ýylda 150 milliard kub metrlik mümkinçilige eýe bolar” diýen sözlerine ünsi çekýär.

“Watan” gazeti, “Dünýä bankyndan Türkiýä goldaw” söz başyly habarynda, Bütindünýä bankynyň Türkiýe boýunça direktory Umberto Lopes, “Ykdysady durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin Türkiýäniň alyp barýan syýasatyna goldaw bereris” diýendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti, “Stambul howa menzili Ýewropanyň iň uly ikinji howa menzili” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglunyň iýul aýynda Stambul howa menziliniň 16,5 göterimlik ösüş bilen Ýewropada ýolagçy gatnawy taýdan birinji, 7 million 446 müň 1 ýolagçysy bilen iň uly ikinji howa menzili bolandygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Ýene degişli makalalar

13-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmenistan durnukly ulag ulgamy boýunça täze başlangyçlar bilen çykyş edýär
Aşgabatda halkara forum geçirildi
Kolumbiýada Prezident saýlawlary
Türkmenistanda Panamanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady
ULAG ULGAMYNDA IŞJEŇ HYZMATDAŞLYK