Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti, “Erdogan: Gurhana garşy guralýan hüjümleri kabul etmeris” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde, Türk-Amerikan komiteti tarapyndan berlen agşam naharyna gatnaşan Prezident Erdoganyň, “Dünýäde 2million musulmanyň mukaddes kitabyna guralan hüjümiň söz azatlygy hökmünde legallaşdyrylmagyny asla kabul etmeris” diýen sözlerine ýer berýär.

“Sabah” gazeti, “Erdoganyň, Elon Muska eden teklibi dünýäniň gün tertibinde” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki Türköýünde Teslanyň gurujysy Elon Musk bilen duşuşandygyny habar berýär. Daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Prezident Erdoganyň duşuşykda Muska Teslanyň 7-nji fabriginiň Türkiýede gurulmagy eden teklibi hakyndaky habarlara giňişleýin ýer berdi.

“Watan” gazeti, “Erdogandan Elon Muska Teknofest çakylygy” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň, emeli hemra firmasy SpaceX-iň gurujysy Elon Musk bilen bolan duşuşygynda Türkiýänin tehnalogiýa pudagy boýunça gazanan üstünlikleri hakynda maglumat berip, Musky 2023-nji ýylyň setýabr aýynyň 27-si bilen oktýabr aýynyn 1-i aralygynda İzmir şäherinde geçiriljek dünýäniň iň uly emeli hemra we tehnalogiýa festiwaly bolan Teknofeste çagyrandygyny ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazetşi “Türkiýe goranyş senagatynda öňdebaryjy ýurt” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglunyň, Türk awiasiýa we kosmos senagaty TUSAŞ-yň, Gökbeý dikuçarynyň, Atak dikuçarynyň, Hüržet uçarynyň, Hürkuş ýeňil hüjüm uçarynyň, ANKA uçarmansyz howa ulagynyň we milli hüjüm uçary KAAN-yň önümçilik desgalaryna baryp görendigini habar berýär.

Ministr Uraloglu, Türkiýäniň goranyş senagaty taýdan öňdebaryjy ýurda öwrelendigini nygtady.

“Star” gazeti, “ABŞ, Türkiýe bilen söwda gatnaşyklarynda uly mümkinçilik bar” söz başyly habarynda, Söwda ministriniň ABŞ-nyň halkara bazarlardan jogapkär orunbasary Arun Wenkataramanyň, ABŞ bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda mukdarynyň 100 milliard dollara ýetirilmegi üçin uly mümkinçiligiň bardygy hakyndaky sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny