Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti, “Erdogan: Eý Ysraýyl!Günbatar saňa bergili, emma Türkiýäniň bergisi ýok” söz başyly habarynda Prezident R.T.Erdoganyň düýn beren beýannamasynda, Günbatarly ýurtlaryň Hamasy terror guramasy hökmünde görýändigini nygtap, Ysraýyla we bütin dünýä ýüzlenendigini ýazýar.

Prezident Erdogan “Eý Ysraýyl, sen gurama ýaly hereket edip bilersiň.Günbatar saňa bergili bolup biler, emma Türkiýäniň saňa hiç hili bergisi ýok.Hamas terror guramasy däl, eýsem topraklaryny we raýatlaryny goramak üçin göreşýän mujahit topardyr” diýdi.

“Hürriýet” gazeti, “Daşary işler ministri Fidan: Gury ýer hüjümi gyrgynçylyga öwrülip biler” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň, düýn Katarda beren beýannamasynda, Ysraýylyň Gaza gurajak gury ýer hüjüminiň uly gyrgynçylyga öwrülip biljekdigine ünsi çekendigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti, “Altundan Ysraýyla çagyryş” söz başyly habarynda, Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altunyň, Ysraýylly ýolbaşçylara, asuda ilatyň we žurnalistleriň goralmagy üçin degişli çäreleriň görülmegi barada çagyryş berendigini mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti, “Antalýa gelen syýahatçylaryň sany 14,5 milliondan geçdi” söz başyly habarynda, Ortaýer deňizi syýahatçylar we myhmanhanalar bileleşiginiň başlygy Kaan Kawaloglunyň, Antalýa gelen syýahatçylaryň sanynyň 14,5 milliondan geçendigi hakyndaky sözlerine ýer berýär. Kaan Kawaloglu, şähere iň köp syýahatçy ugradan ýurtlaryň sanawynda Russiýanyň, Germaniýanyň we Britaniýanyň esasy orun eýeleýändigini belledi.

“Star” gazeti, “1915 Çanakkala köprüsi baýrak aldy” söz başyly habarynda, dünýäniň iň gowy inženerçilik taslamalaryndan we Türkiýäniň iň uly köprülerinden biri bolan 1915 Çanakkala köprüsüniň “Global Best Prožest” taslamasynda birinjilik baýragyna laýyk görlendigini mälim edýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Çanakgala welaýatynyň suw giňişliginde Gresiýa tarapyndan itilen bosgunlar halas edildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
10-njy Noýabr Atatürki Hatyralama Hepdesi