Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Gazadan ewakuasiýa edilen 42 türk raýaty Türkiýä getirildi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginiň tagallasy bilen Rafah gümrüm geçelgesinden Müsüre baran 42 türk raýatynyň Türk howaýollarynyň uçary bilen Kairden Stambula getirilendigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Dünýä halklary Palestinanyň ýanynda” söz başyly habarynda, Ýewropada Aziýa, dünýäniň çar tarapynda esasanda Ysraýylyň esasy ýarany bolan ABŞ-nyň ähli ştatlarynda sosial media arkaly herekete geçen ýüzlerçe müň adamyň Palestina goldaw üçin köçelere çykandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýar. Ýewropanyň ençeme ýurdunda hem raýatlar Ysraýylyň berilýän goldawyň dessine bes edilmegi üçin çagyryş etdi.

“Sabah” gazeti “Möhüm wezipelerde güýçli pozisiýa eýelär” söz başyly habarynda, uçarmansyz deňiz ulagy “SİDA-nyň” möhüm wezipelerde güýçli pozisiýa eýelemek üçin taýýarlyk görýändigini we ilkinji synagdan üstünlik ilen geçendigini ýazýar.

Golaýda Türk ýaragly güýçleriniň inwentaryna goşuljak “SİDA-nyň”; baza goragy, gözleg-halas ediş, maglumat toplama, howpsuzlyk, gözegçilik, suw üsti söweşi, mina garşy çäre görüş wezipelerinde işjeň pozisiýa eýelejekdigi mälim edildi.

“Haber Türk” gazeti “Telegraf Türkiýäniň Egeý kenaryndaky 4 asuda şäherini tanyşdyrdy” söz başyly habarynda, Britaniýanyň meşhur gazetlerinden “Telegrafyň” Türkiýäniň kenarýaka zolaklarynda ýerleşýän asuda şäherlerden 4 sanysyny tanyşdyrandygyna ünsleri çekýär.

Bodrum, Marmaris, Çeşme ýaly meşhur dynç alyş ýerlerine alternatiw boljak sebitleri tanyşdyran “Telegraf” gazeti, Muglanyň Köýjegiz etraby bilen Ula etrabynyň Akýaka hem-de Izmiriň Foça we Seferihisar etraplaryna orun berdi.

“Watan” gazeti “Ýewropanyň gözi Türkiýede” söz başyly habarynda, pandemiýa mahalynda syýahatçylyk pudagyndaky el güýjüniň azalmagyndan soň Ýewropa ýurtlarynyň ünsüni Türkiýä gönükdirendigini mälim edýär. Türkiýedäki syýahatçylyk bölüminiň talyplary bilen uçurymlaryna özüne çekiji teklipler hödürleýän kärhanalar, iş üpjünçiliginde ýeňillikler döredýar.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan ýerli raketa synaglarynyň Gresiýany gorkuzandygyny belledi
Russiýa Türkiýä Ýangyn Söndüriji Uçarlaryny Ugratdy
Mawy Baýdakly Plýažlaryň Sany Gün Saýyn Köpelýär
“Star Legend” Atly Kruiz Gämisi Bodruma Geldi
Mugla welaýatynda 79 bosgun halas edildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny