Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinden ozal Erdoganyň möhüm gepleşikleri” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýazýar. Prezidentiň Diwanyndan berilen beýannama görä telefon söhbetdeşliginde Ysraýylyň hukuksyz hüjümlerine garşy halkara jemgyýetçiliginde garaşylýanlar, gumanitar pajyga çözgüt teklipleri we durnukly parahatçylyk ugrunda edilýän tagallalar hakynda pikir alyşyldy.

“Hürriýet” gazeti “Hakan Fidan ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken bilen duşuşdy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Brýusselde ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen duşuşandygyny mälim edýär. Blinken duşuşykda; “NATO-nuň esasy, möhüm agzalaryndan birei bolan Türkiýe bilen edýan hyzmatdaşlygymyz üçin sagbolsun aýdýaryn” diýdi.

“Sabah” gazeti “Türk wekiliýeti Gazada” söz başyly habarynda, Türkiýe tarapyndan Gazada gurulmagy meýilleşdirilýän Göçme hassahananyň degişli barlaglaryny geçirjek tehniki toparyň sebite barandygyny mälim edýär. Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä toparyň barlaglarynyň netijelerine görä hassahananyň gysga möhletde açylmagy meýilleşdirilýär.

“Watan” gazeti “Sabiha Gökçen howa menziline 7 baýrak” söz başyly habarynda, şu ýyl üçünjisi geçirilen “Awiasiýa üstünlikleri baýraklary” çäresinde “Bkýeski Awardas 2023” baýragynyň eýelerine gowşurylandyga ünsleri çekýär.Türkiýäniň esasy howa menzillerinden biri bolan Sabiha Gökçen adyndaky howa menziliniň “Blueskiý Awards” tarapyndan şu ýyl 2-nji gezek “Awiasiýa üstünlik baýraklarynyň” kategoriýasynda “Ýylyň digital” howa menzili derejesine laýyk görülen bolsa, “Awiasiýa taslama baýraklary” kategoriýasynda 6 taslama bilen emin agza topary tarapyndan baýraga laýyk görüldi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe bilen Britaniýanyň arasynda möhüm başlangyç” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Britaniýanyň Erkin söwda ylalaşygynyň çägini giňeldip, täze şertlere görä giňeldilmegi üçin gepleşiklere taýýarlyk görýändigini mälim edýär. Bar bolan ylalaşygyň Britaniýanyň ÝB-den çykmagyndan soň başga ýurtlar bilen gol çekişen ilkinji erkin söwda ylalaşygy bolmagy taýdan möhümdigi nygtalýar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistanyň zenan futbol topary CAFA çempionatynyň ýörite baýragyna mynasyp boldy
Aşgabatda çagalara beden temmisini bermäge garşy kanuny göreşiň öňdebaryjy tejribesi ara alnyp maslahatlaşyldy, Türkmenistanda ilkinji gezek Go Viral festiwaly geçiriler, AŞTU-nyň merkezi binasynda öz-özüňe hyzmat etmek boýunça terminallar ornaşdyryldy
Lenovo ekransyz konseptual noutbuk bilen tanyşdyrdy
Bakuwyň Halkara howa menzili Merkezi Aziýada we GDA-da iň gowy diýlip yglan edildi